The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

13.02.2025

DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY — DOSTLUGYŇ WAGYZÇYSY

 

Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmuna beslenen «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaby halkymyzyň gözbaşy müňýyllyklara uzaýan asylly ruhy ýörelgeleriniň özboluşly beýanydyr. Bu gymmatly eseri okan her bir türkmen raýaty öz taryhyna, beýik şahsyýetlerine, nusgalyk däplerine göz ýetirmäge mümkinçilik tapýar. Bu kitap biziň günlerimize gelip ýeten taryhy maglumatlaryň seljermesi bolup, onuň diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryna däl, eýsem, dünýä halklaryna hem elýeterli bolmagy aýratyn buýsandyrýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine degişli maglumatlaryň, akyldar şahyryň edebi mirasynyň gymmatyny wagyz edýän pikir-garaýyşlaryň çeper dilde beýan edilmegi kitabyň täsirliligini we ähmiýetini artdyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz ajaýyp kitabynda: «Magtymgula düşünmegiň birinji ädimi akyldar şahyrymyzyň eserlerini yzygiderli, dowamly ürç edip okamakdyr... Magtymgula düşünmegiň ikinji ädimi onuň okan kitaplaryny okamakdyr» diýip belleýär. Şeýle dürdäne sözlere salgylanyp aýtsak, Magtymguly özünden öňki alym-ulamalaryň, beýik mugallymlaryň işleri bilen tanyşmak arkaly öz öwrenen zatlaryny, pikirlerini, garaýyşlaryny gymmatly goşgy setirlerine siňdirmegi başarypdyr, şonuň üçinem akyldar şahyryň okan eserlerini hem-de şahyryň öz eserlerini okamak adamyň dünýägaraýşynyň giňemegine, akyl ýetirip bilijilik ukybynyň artmagyna täsirini ýetirýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ylmy- -taryhy kitabynda «Magtymguly Pyragy mekdebi» barada söz açmak bilen, onuň XVIII asyrda kemala gelendigine, kämillige gol beren beýik şahyrlaryň, şahsyýetleriň nusgalyk häsiýete eýe bolan şol mekdebe esaslanandygyna ünsi çekýär. Magtymguly Pyragynyň özboluşly mekdebini halkylygyň hem-de milliligiň gözbaşy hökmünde kesgitleýär. 

Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar. Magtymgulynyň sözleri, öwüt-ündewleri bilen ýaşaýar» diýen gyzyldan gymmatly garaýyşlary öňe sürmek bilen, her bir türkmeniň Magtymgula ýakyndygyny, özüniň ýaşaýyş-durmuşynda şahyryň şygyrlaryna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtaýar, şeýle-de her bir türkmeni magtymgulyşynas hökmünde orta çykarýar, her bir türkmeniň beýik Pyragyny öwrenmäge çemeleşýändigini belleýär.

Kitabyň şu setirleri ünsüňi aýratyn özüňe çekýär: «Magtymguly Pyragy hemişe Watanyň azat- -asudalygy, geljek günleriň rahatlygy hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Galamyny ýaragdan ýeg görüp, hikmetli setirlerinde il-halka pederlerimiziň mertlik mekdebine eýermegi, topragy ýürekden söýmegi ündäpdir. XVIII asyrda Magtymgulynyň şygyrlary ruhy konstitusiýa hasaplanypdyr». Häzirki täze taryhy eýýamymyzda akyldar şahyryň agzybirlik, azatlyk, erkinlik, parahatlyk hakyndaky pikirleri döwrümiziň öňe çykaran baş taglymaty bolmak bilen, şol gymmatly düşünjelere döwlet syýasatymyzda möhüm ähmiýet berilýändigini nygtamak ýakymlydyr. 

Milli Liderimiziň tutumly başlangyçlaryndan badalga alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy bilen dowamat tapýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň şahyry we dostlugyň wagyzçysy hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň ähli arzuwlary wysal bolmak bilen, biziň döwletimiziň baş ýörelgesi parahatçylyk, dost-doganlyk, adamzadyň abadan durmuşy, nesilleriň bagtyýar geljegi bilen baglydyr. 

«Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi bilen adamy hormatlamagyň nusgalyk göreldesini görkezip, belent mertebä eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürüp, parahatçylyk taglymatyny dünýäde dabaralandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun! 

 

Annabagt MAÝEWA, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, 

terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.