The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Döwletiň ösüşi belli bir derejede onuň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklarynyň gerimine bagly bolýar. Türkmenistanyň hoşniýetlilik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge gönükdirilendir. Häzirki wagta çenli Türkmenistan dünýäniň 156 döwleti bilen işjeň diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalaryň 50-den gowragyna agza bolmak bilen, ýurdumyz borçlaryna ygrarly, ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş hökmünde özüni dünýä tanatdy.
Diplomatik wekilhanalarymyz dünýäniň iri sebitleriniň onlarça ýurdunda hereket etmek bilen, şol ýurtlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde we milli bähbitlerimizi üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň anyk wezipelerini kesgitläp, Bitarap döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň yzygiderli giňelýändigini we onuň köpugurly häsiýete eýedigini, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde tutýan ornunyň berkeýändigini we täsiriniň barha artýandygyny aýratyn nygtaýar. Halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň derwaýys häsiýete eýe bolýandygy nygtalmaga mynasyp. Türkmenistan dünýäniň beýleki döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny oňyn häsiýetli «Açyk gapylar» syýasaty esasynda barha berkidýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmaty, ähmiýeti halkara borçlar meselesinde ygrarlylyga eýerýän döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk, sebit, şol bir wagtda dünýä döwletleri bilen köpasyrlyk däplerini, baý taryhy tejribesini, medeni we ykdysady ýagdaýlaryny öwrenmek esasynda ýola goýan hyzmatdaşlygynyň üstünliklere beslenmeginde ýüze çykýar. Umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ählumumy ykrara eýe bolmagynda şöhlelenýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi häzirki wagtda hem sebit we dünýä möçberinde ýagdaýlary durnuklylaşdyrmakda, ynsanperwer, syýasy, ykdysady, ekologik taýdan wajyp meseleler çözülende döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirýär. Hususan-da, ýurdumyz ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi üns merkezinde saklaýar.
Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň çäklerinde döwletimiziň energiýa, suw diplomatiýalaryny, halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri uly ähmiýete eýe. Şonuň ýaly-da, özara gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlaryň hukuk jähetleriniň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda baglaýjy halka bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenistan abraýly halkara düzümler, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde ýola goýan hyzmatdaşlygy esasynda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, adam hukuklaryny goramak, ekologiýa, maliýe-ykdysady meselelerde durnuklylygy saklamak, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek boýunça netijeli tagallalary birleşdirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä bileleşiginde gyzgyn goldaw tapýan, parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlar bilen çykyş etmegi türkmen diplomatiýasynyň we diplomatik gullugynyň ähmiýetiniň yzygiderli ýokarlanmagyna getirdi. Netijede, bu günki gün Türkmenistanda daşary syýasatyň we diplomatiýanyň netijeli ulgamy döredildi. Bu bolsa döwletimize halkara durmuşyň islendik meselesiniň çözgüdine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, diplomatik gulluk örän inçe, çylşyrymly we akyl zähmetini talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň geljekki diplomatik işgärleriniň seçilip alynmagyna we taýýarlanylmagyna aýratyn talaplar bildirilýär. Diplomat üçin bildirilýän ýokary talaplar ähli döwürlerde-de üýtgewsiz bolmagynda galypdyr we onuň barha kämilleşmegine getiripdir. Halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmekde we ösdürmekde toplanan diplomatik tejribäniň gymmaty ägirt uludyr.
Diplomatik gullugyň esaslaryny gowy bilmek diňe bir diplomatlar we döwlet işgärleri üçin zerur bolman, eýsem, daşary syýasy iş, halkara gatnaşyklar bilen bagly adamlar üçin-de möhüm ähmiýete eýe. Häzirki döwürde döwletleriň arasynda halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolmagy bilen bagly döwlet edaralarynyň gullukçylary resmi gepleşikleri we dürli duşuşyklary geçirmek üçin daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolýarlar. Şonuň üçin-de olaryň ählumumy kabul edilen diplomatik protokolyň düzgünlerine eýermegi zerur bolup durýar. Ol döwletiň içeri syýasatynyň dowamy bolup, ýurduň ykdysady, demografik, ylmy-tehniki we medeni kuwwatyna esaslanýar.
Diplomatiýa döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary dogry alyp barmak üçin zerur bolan bilimleriň we ýörelgeleriň jemidir. «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Türkmenistany daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady hem-de beýleki ulgamlardaky gatnaşyklaryny ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär.
Döwletimiziň konsullyk edaralary bolsa Türkmenistanyň adyndan bolýan ýurdunyň çäginde ýerleşen konsullyk okrugynyň ýerine ýetirmeli wezipelerini amala aşyrýar. «Konsullyk gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, konsullyk edaralarynyň ýerleşýän döwletiniň çäklerinde açylyşynyň we işleýşiniň düzgüni, olaryň wezipeli adamlarynyň we işgärleriniň bellenilmegi, mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we ýuridik şahsyýetiniň goralmagy boýunça konsulyň işleri kesgitlenen. Konsullyk edaralary Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, ykdysady, söwda, ylmy-tehniki, medeni gatnaşyklarynyň we syýahatçylygynyň giňeldilmegine ýardam berýär.
Diplomatik gulluk ýurduň daşary syýasy wezipelerini amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça gündelik işi alyp barýan döwlet gullugydyr. Onuň esasy wezipesi beýleki döwletleriň daşary syýasy gulluklary bilen
hemişelik aragatnaşygy we halkara meseleler boýunça gepleşikleri üpjün etmek bolup durýar. Ol halkara gatnaşyklaryň çäginde öz döwletiniň hukuklaryny goramak wezipesini öňde goýmak bilen hereket edýär.
Umuman, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan diplomatik gatnaşyklarynyň, geçen döwrüň içinde toplan baý tejribesiniň ýurduň daşary syýasatynyň özeni bolan hemişelik bitaraplygyna daýanýandygyny hem-de milli we halkara ynamy ödeýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Halkara hukuk borçnamalaryna ygrarly bolan ýurdumyzyň alyp barýan işleri hoşniýetli goňşuçylyk, sebitiň döwletleri bilen medeni we täze syýasy-ykdysady ýagdaýlary nazara almak esasynda ýola goýýan ynsanperwer gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
Durmuş syýasaty baradaky
komitetiniň hünärmeni.