The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

11.10.2023

ÝÜREKLER BUÝSANJA BESLENÝÄR

 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynda döwletiň depginli ösüşini üpjün etmegiň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeler aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şunda ösüşiň we özgerişiň berk hukuk binýady döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy ähmiýetli başlangyçlaryny häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ösüşiň möhüm ugurlary kesgitlendi, durmuşa geçirilýän işleriň hukuk binýady berkidildi. Beýik ösüşlerimiziň hil taýdan täze derejelere eýe bolýan döwründe ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp gitmekde halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesine, döwletlilik ýörelgelerine esaslanylýar. 

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgelerinde hem ynsanperwerlik, howandarlyk, ynsana ýardam bermek ýaly iň oňat işleri görmek bolýar. Munuň özi jemgyýetçilik durmuşynda wajyp ugurlar bolup, adam hakyndaky aladalardan gözbaş alýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem ata-babalarymyzdan gelýän şeýle asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Biz muny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän beýik işlerinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ençeme çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar, sagdynlygyň hözirini görýärler. Şeýle asylly ýörelgeleri has-da ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda döwrebap mümkinçilikler ýola goýulýar. 

Ýurdumyzda jemgyýetiň ösüşini üpjün etmekde, kada-kanunlary kämilleşdirmekde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda hem ýene bir taryhy wakanyň şaýady bolandygymyza has-da begenýäris. Ynha, 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy we kabul edildi. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi we onuň Düzgünnamasy tassyklandy. Bu taryhy waka ähli ildeşlerimizi buýsanja besledi hem-de biziň her birimizi döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Hut şonuň üçin hem bu taryhy waka mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde duşuşyklar, maslahatlar geçirildi. Şeýle maslahatlarda hem-de duşuşyklarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän beýik işleri, ynsanperwerligiň belent nusgasy aýratyn bellenildi. Bularyň hemmesi türkmen jemgyýetimizde asylly ýörelgeleriň ösdürilýändigini, döwrebap mümkinçiliklere eýe bolýandygyny aýdyň beýan edýär. 

Türkmen halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän, gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimizi mynasyp ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.