The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjeler bolup durýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýörelgesine eýerýändigi bilen adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti uludyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlanyljakdygy şanly ýylymyzyň şanyna şan goşýar.
Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we içgin öwrenilýär. Mysal üçin, geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi möhüm waka boldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasatynyň rowaç alyp, uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň subutnamadyr. Döwlet Baştutanymyzyň hoşniýetli, parahatçylyksöýüjilikli, daşary syýasat strategiýasy giň gerime eýe bolup, bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygy berkidip, parahatçylykly gatnaşyklarda özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu ýörelge bolsa, durnukly ösüşi, abadançylygy, rahat durmuşy kepillendirýär.
Atamyrat AMANDURDYÝEW.
S.Türkmenbaşy şäherçesindäki
saglyk merkeziniň bölüm müdiri,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.