The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan nusgalyk şäher —Arkadag şäheriniň açylyp, ulanylmaga berilmegi taryhy waka boldy. Gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan bu ajaýyp şäher “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp bina edildi. Arkadag şäherine Türkmenistanyň Kanuny esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesiniň berilmegini ýatlamagam guwandyrýar.
Bu şäher häzirki zaman “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp guruldy. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ajaýyp şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli alnyp barylýar.
“Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bu döwrebap şäherde edara we durmuş-medeni binalar we desgalar, has oňaýly, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle hem bu ajaýyp şäherde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalarynyň we beýleki edaralaryň gözel binalary Arkadag şäheriniň görküne görk goşýar. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheri — milli binagärligiň merjeni, ajaýyp keşbi göreni haýrana goýýar. Şäheriň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallaryň ulanylandygyny ýatlamak ýakymlydyr. “Akylly” şäherde ekologiýa taýdan arassa elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň amatly hyzmatlarynyň ýola goýulmagy bähbitli çözgütlere mümkinçilik berýär.
Gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berlen ajaýyp — Arkadag şäheri dünýä nusgalyk şäherdigi bilen özüne çekýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bu gözel mekanyň uly geljegi guwanjymyza guwanç goşýar.
Saparmyrat ÇARŞAKOW.
Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty