The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

27.02.2025

DÖWRÜŇ BELENT BADY BILEN

 

     Hormatly Prezidentimiziň: «Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr» diýip belleýşi ýaly, baky Bitaraplygymyz ilkinji gezek 1995-nji ýylda 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi bilen ykrar edilen bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakdaky ähmiýetiniň iňňän uludygyny subut edýär.

 

     Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşniýetli Bitaraplyk parasatly pederlerimiziň ädimme-ädim sünnäläp gelen ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu ýörelge täzeden dikeldilip, berkarar türkmen döwletiniň syýasatyna esas edilip, mynasyp dowam etdirilýär. Agzybirlikden kemal tapan halkymyz asyrlarboýy gelýän gadymy däp-dessurlaryna, myhman-mediwany güler ýüzli garşylamak, rehim-şepagatly bolmak, birek-biregi goldamak bilen bagly esasy ýol-ýörelgelerine eýerip, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary saklamaga, ähli ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny dünýä ýüzüne äşgär etdi. Ulus-ilimiziň şu dogrusyndaky ýürek isleglerini we aýdyň maksatlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmaga, halkara meselelerini parahatçylyk we ynanyşmak arkaly çözmäge örän gyzyklanýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. 

    Ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň ýöne bir hormatly dereje däldigini, eýsem, parahatçylygy goramak, ylalaşyklary berkitmek ugrundaky tagallalaryň jemidigini Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz Milletler Bileleşiginiň forumlarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik howpsuzlyk boýunça teklipleri, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek barada öňe sürýän başlangyçlary, şeýle-de iş ýüzünde amala aşyrýan dünýä nusgalyk özgertmeleri bilen subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirilýär. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly dünýäniň abraýly halkara guramalary,  Aziýa -Ýuwaş umman sebitleri, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagy, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrundaky tagallalarynyň ajaýyp netijesidir.

Serdar ÝUMITOW,

Çärjew etrap häkimliginiň 

baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň 

Mejlisiniň deputaty.