The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

06.03.2025

PARAHATÇYLYK — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

 

     Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy  giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň halkara derejede alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty dünýäde giňden dabaralanýar. Türkmen halky ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Pähimdar pederlerimiziň il- günüň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda irginsiz alada edip, dünýäniň ýakyn-alys ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürendiklerini ençeme taryhy maglumatlar beýan edýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan döwletimiziň agzybirligiň, parahatçylygyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyny we uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär. 

     Hormatly Prezidentimiz halk paýhasynyň parahat ýaşaýyş bilen baglylykda ähmiýetlidigi dogrusynda söz açyp, «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynda parahatçylyk we agzybirlik ýaly häsiýetleriň milli aýratynlyklarymyza hemişe mahsusdygyny beýan edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belleýär: «Türkmenler öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döreden halk hökmünde tanalýar. Ata-babalarymyzyň döreden bu ýörelgelerini biz häzirki döwrüň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirleri, tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we mümkinçilikler, dünýäde giňden ykrar edilýän halkara başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşdyrýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydadyr.

      Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini hem aýratyn bellemek gerek. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyny nazarlaýan tagallalarynyň halkara derejesinde goldanylýandygyny aýdyň beýan edýär. 

      Parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň beýik ösüşleriniň gözbaşynda durýar. Ýurdumyz dünýäniň döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny yzygiderli ösdürýär. Dünýäniň örän köp ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk binýat bolup durýar. Halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün edýär. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!

 

 

Mähriban KURAMBAÝEWA,

Akdepe etrap bilim bölüminiň

hünärmeni, Türkmenistanyň

Mejlisiniň deputaty.