The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şu syýasatyň netijesinde döwletimiz parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylyp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu bolsa, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär.
Şeýle parahatçylyksöýüjilikli ýörelge üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Parahatçylyk hakynda gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndaky:
Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr-
- diýen setiri ýadyňa düşýär. Hakykatdanam, parahat, asuda, abadan durmuş geljekki nesillere iň mukaddes mirasdyr. Şonuň üçinem ýurt Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary bilen bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda tutumly işleriň bady artýar. Çünki, durnukly ösüş ýoly gözbaşyny parahatçylykdan alyp, abadan geljegimiziň ygtybarly kepili bolup hyz- mat edýär.
Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Şu taryhy senä taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 15-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Tanyşlygyň barşynda Milli Liderimiz Bitaraplyk binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmalydygyny, onda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz beýanyny tapmagyna jogapkärli çemeleşmelidigini aýtdy.
Arslan ÇARYÝEW.
Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň Pendi şahamçasynyň
esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.