The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

08.03.2025

UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLAR

 

      Bagtyýarlyga hem rowaçlyga beslenýän ajap eýýamymyzda türkmen halky ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerine, hoşniýetli garaýyşlara eýerip, dünýäde abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda uly tagallalary edýär.Baky Bitarap döwletimiz halkara giňişlikde tutuş adamzat ähmiýetli asylly başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmekde anyk işleri amala aşyrmagyň belent nusgasyny görkezýär.

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmuny, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ähmiýeti ussatlyk bilen beýan edilýär. Goşgydaky: «Adamzadyň arzuwy

abatlyga telwasdyr!» diýen setirde Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog– parahatçylygyň kepili» atly taglymatynyň bütin dünýäde belent ykrara eýe bolmagynyň düýp mazmunyny görmek bolýar. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak ähli döwürlerde-de adamzadyň baş arzuwy bolandyr. Şu gün hem şeýle bolmagyna galýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralarynyň diňe bir Watanymyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde-de bellenilip geçiljekdigi bagtyýar halkymyzyň kalbyndaky buýsanjy artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaraly açylyşynyň geçirilmegi hem-de onda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öňe sürülýän wezipeleriň uly goldawa eýe bolmagy hoşniýetli başlangyçlarymyzyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Bu resminamanyň çäklerinde geçiriljek halkara forumlar we maslahatlar, duşuşyklar, medeni hem-de döredijilik festiwallary parahatçylygyň we ynanyşmagyň ählumumy ähmiýetini aýdyň görkezýär. Şanly ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm çäreleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlarynyň hem bolmagy halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde sport diplomatiýasyna uly ornuň degişlidigini tassyklaýar. 

     Şanly wakalara beslenjek ýylyň dünýäde jebisligi, ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam edip, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli taglymatyny aýdyň dabaralandyrjakdygyna berk ynanýarys. Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

 

Perman SAPAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Durmuş syýasaty baradaky 

komitetiniň baş hünärmeni.