The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

08.03.2025

ABADANÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

 

     Häzirki döwürde bedenterbiýe we sport adamyň durmuş işjeňliginiň ähli ugurlarynda möhüm ähmiýete eýedir. Bedenterbiýe we sport her bir adam hem-de tutuş jemgyýet üçin wajyp bolan maddy we ruhy gymmatlyklaryň toplumydyr. Alymlar bedenterbiýäni we sporty adamzadyň tebigy hem-de jemgyýetçilik ösüşini birleşdirýän köpri hökmünde häsiýetlendirýärler. Çünki bu gymmatlyklar gadymy döwürlerden bäri ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmeginde hem-de

uly adamlaryň zähmete ukyplylygyny goramakda we artdyrmakda zerur şert hasaplanypdyr

 

     Bilim we terbiýeçilik ulgamlarynda bedenterbiýe hereket endiklerini kemala getirmegiň hem­de ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde

uly orun alýar. Soňky ýyllarda bedenterbiýäniň adamyň ruhy dünýäsine täsirini ýetirýändigi öňe sürlüp, onuň aň­paýhas, ahlak we gözellik jähetlerindäki ornuna uly üns berilýär. Şoňa görä­de, bedenterbiýe we sport diňe sagdynlygyň gözbaşy däl, eýsem, jemgyýetiň gymmatlyklar ulgamynyň kämilleşmeginde hem ähmiýeti barha artýan serişdelerdir. Hut şoňa görä­de, ösen jemgyýetde bedenterbiýäni we sporty galkyndyrmagyň kanunçylyk binýady berkidilýär, maliýe üpjünçiligi pugtalandyrylýar, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz - nesihaty giň­gerime eýe bolýar.

     Ýeri gelende, bedenterbiýäniň we sportuň öňe sürýän jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň mazmun taýdan birmeňzeşdigine garamazdan, olaryň

ýerine ýetirýän wezipelerinde tapawutlaryň hem bardygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylyk­da, bedenterbiýäniň adamyň jemgyýetçilik

durmuşyna uýgunlaşmagynyň ilkinji we iň esasy ýollarynyň biri hökmünde dörändigini hem­de ösýändigini nygtamalydyr. Sportuň döreýşi we ösüşi bolsa adamyň üstün mümkinçilikleridir ukyp­başarnyklary arkaly jemgyýetde ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Jemgyýete has işjeň goşulyşmak we öňe saýlanmak sporta mahsus gymmatlyklardyr. Şol sebäpden­de, sporta «adamda erki

kemala getirýän mekdep», «duýgularyň mekdebi», «tutanýerliligi ösdürýän mekdep», «adalatlylygy pugtalandyrýan mekdep» ýaly häsiýetler berkidilip, onuň üstünlik, duýgy, ahlak, gözellik taraplaryna aýratyn üns çekilýär.

     Sportuň has giň­gerimde ösen nusgasy ­ Olimpiýa hereketi bolsa halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde we pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki sport parahatçylyk, sagdynlyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerledip, halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini ösdürýär. «Sportuň dili» ­ onuň düzgün­kadalary bolsa dünýäniň islendik künjünde ýaşaýan adam üçin düşnüklidir.

     Eziz Diýarymyzda hem sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrundaky işleriň turuwbaşdan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen berk baglanyşykly alnyp barlandygyny, häzir hem bu ugurda toplumlaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilmegi şu günümiziň bagtyýar, geljegimiziň röwşen bolmagynyň möhüm şertleriniň hatarynda durýar.

 

Begenç GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady 

meseleler baradaky komitetiniň agzasy.