The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

12.03.2025

DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI NETIJELI IŞLER

 

     Hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň ygtybarly daýanjy bolup hyzmat edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, ähli halklaryň bähbidini nazarlaýan daşary syýasatynyň gyşarnyksyz amala aşyrylmagydyr. Dünýä ýurtlary, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki taslamalaryň, maksatnamalaryň oýlanyşykly durmuşa geçirilmegi netijesinde berkarar döwletimiz ynamdar hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolýar. 

     Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär. Çünki Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli hem ynsanperwer daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Biziň alyp barýan syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy bagtyýar, parahat, eşretli durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda parahat, eşretli durmuş üpjün edilýär, umumadamzat bähbitli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygy häzirki zamanyň asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň kepilidir. Şonuň üçin hem döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlaryna eýerip, olary durmuşa geçirmegiň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny kesgitleýär hem­de üstünlikli amala aşyrýar. 

     Hemişelik Bitarap ýurdumyz umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek bilen, dünýä döwletleri bilen dostluk, birek­biregi hormatlamak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyz köp sanly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. 

     Goý, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň asylly ýörelgeleri rowaçlyklara beslensin! Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.