The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

13.03.2025

Bitaraplyk — dostluk mukamy

 

Asyrlar aşyp gelen ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk ýörelgelerimiz täze taryhy eýýamda barha rowaçlanýar. Bu asylly ýörelgeler döwletimiziň bitaraplyk syýasatynda öz beýanyny tapýar. Dünýäde ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz parahatçylyk medeniýetine, durnukly ösüşi gazanmak meýillerine daýanýar. Parahatçylyk bolsa ýaşaýşyň ajaýyp peşgeşi, ykbalyň gymmatly serpaýydyr, eşretli şu gün, röwşen geljekdir.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň syýasy gurşawynda öňe sürýän baş taglymaty ynsanperwerlik hem-de ynsany hormatlamakdyr, adamyň iň ýokary gymmatlykdygyna bolan düşünjäni, onuň erkin ýaşaýşyna ynamy berkitmekdir. Baky Bitaraplygymyz parahat ýaşamak, erkin zähmet çekmek, adama söýgi döretmek, dost-doganlygy pugtalandyrmak ýaly ýörelgeleri rowaçlandyrýan gymmatlykdyr. Türkmen Bitaraplygynyň aýratynlygy bolsa onuň umumadamzat ýaşaýşyny gözelleşdirmäge, dünýä jemgyýetçiliginiň abadançylygyna gönükdirilýändiginde, milli ýörelgelere esaslanýandygynda jemlenýär. 

Mizemez parahatçylyk kadalarynyň guraly bolan türkmen Bitaraplygynyň peşgeş berýän ajaýyp miwelerinden nesibeli halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny dünýä halklary bilen bilelikde toýlar. Bu baýram dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň baýramyna öwrüler.

Goý, parahatçylygyň, dostlugyň mekany bolan ata Watanymyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belende galsyn!

 

Tuwakgylyç Weliýew

Türkmenistanyň Senagatçylar we 

telekeçiler partiýasynyň welaýat 

komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.