The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

10.04.2025

Edepli ile ýarar

 

     Şöhratly taryhymyzdan şaýat bolşumyz ýaly, nesilleriň we döwürleriň arasy milli medeniýet bilen baglanyşdyrylýar. Şonsuz halkyň ata-babalaryndan galan ruhy mirasynyň eýeçiligine bolan özygtyýarlyklary hakynda söz açmak mümkin däl. Medeniýetiň akymynda halkyň gymmatlyklar ulgamy kemala gelýär, gadymy geçmişi bilen arabaglanyşygy amala aşyrylýar we geljekki ösüşleriniň binýady tutulýar. Bu aýdylanlar köpöwüşginli milli mirasymyzy gorap saklamagyň, olaryň nesil terbiýesinde milli ýörelgeler bilen ýugrulmagynyň meselelerini jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň wajyp şertleriniň biri hökmünde ileri tutmaga doly esas berýär.

 

     Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň millilik ruhunda terbiýelenmegi bilen bagly meseläni hemişe üns merkezinde saklap, jemgyýetiň ertirki ösüşiniň adam maýasyny emele getirýän ýaş nesiller barada hossarlyk alada edýärler, toplumlaýyn işlere badalga berýärler. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýaş nesliň bagtyýar geljegi hakynda edilýän aladalar ildeşlerimiziň her birini buýsandyrýar, begendirýär. Sebäbi ýaş nesle asylly terbiýe bermek, adamkärçiligiň belent nusgalaryny öwretmek geljegimiziň binýadynyň berk, durmuşymyzyň bagtyýar bolmagyny kepillendirýär. Ýaş nesliň ilkinji terbiýesi maşgaladan başlanýar. Şundan ugur alyp, gadymy döwürlerden bäri nesil-neberesini milli ruhda terbiýelemek her bir maşgala eýesiniň esasy borjy bolup durýar. Millilik düşünjesi halkymyzyň ganyna ornaşyp, asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, dowam edip gelipdir. Türkmen halkynyň milliligi onuň dilinde, edim-gylymynda, däp-dessurynda hem-de nesil terbiýesinde jemlenýär. Türkmen halkynyň öz ar-namysy, aýal-gyzlaryna goýýan hormat-sylagy, nesillerini milli ruhda terbiýeleýşi bilen tapawutlanýandygyny daşary ýurtly taryhçylar hem belläp geçipdirler. 

     Halkymyzda: «Adamdan galýan iň gowy miras edepli, terbiýeli perzent» diýilýär. Il güne ýaraýan, edepli-ekramly bolup ýetişen perzent seniň ömrüňi uzaldýar, ýaşyňa ýaş goşýar. Ata-enä hormat goýmak, perzentleriň maşgaladaky edebi, olaryň terbiýeli, il-güne haýyrly bolup ýetişmekleri bilen bagly gadymy ýörelgelerimiz barada Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly gyzyldan gymmatly kitaplarynda giňişleýin bellenilip geçilýär. 

     Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eseriniň mazmunyndan enäniň mähriniň we söýgüsiniň gudratlydygy barada ýiti paýhasa ýugrulan pikirler, duýgular eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesiniň görüm-göreldesi, el hünärlerine, biş-düş işlerine juda çeperdigi baradaky ýatlamalary okyjylarda uly tolgunma döretmek bilen, özlerinde türkmen zenanlaryna 

mahsus häsiýetleri terbiýelemeklige ruhlandyrýar. 

 

Bossan AKYÝEWA, 

Türkmenabat şäher kitaphanasynyň bölüm müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.