The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

05.04.2025

ULAG DIPLOMATIÝASY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

 

     Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan­Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistanyň iri halkara logistik merkez hökmünde ulag­aragatnaşygynda köpugurlaýyn yklymara ulag infrastrukturasynyň kemala gelmegindäki hyzmaty ählitaraplaýyn integrasiýanyň gyzyklanmalaryna hem­de ählumumy durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär» diýip belleýär. 

     XXI asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi ugrunda halkara guramalaryň we sebit ýurtlarynyň arasynda giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýerleşýän sebitinde Merkezi Aziýa, Hazarýaka ýurtlarynyň Demirgazyk­Günorta, Günbatar­Gündogar, TRASEKA, Lazurit halkara üstaşyr­ulag geçelgeleriniň çäginde ulag ulgamlarynyň özara goşulyşmagynyň, sebit we yklymara derejelerde multimodal gatnawlaryň üpjün edilmeginiň möhümligi ýüze çykýar. Aziýanyň Ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalarynyň, şol sanda daşary yurt döwletleriniň gaznalary Türkmenistanda  alnyp barylýan maýa goýum taslamalaryna gatnaşýarlar. Türkmenistan özüniň ulag diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda syýasy diplomatik, söwda­ykdysady, medeni­ynsanperwer ugurlar boýunça sebit we ählumumy bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Şu ýylyň ikinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3­nji maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri giňden alnyp barylýar. 

     Bu  maslahatyň ilkinjisi 2003­nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde, ikinjisi bolsa 2014­nji ýylda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirildi. 30-dan gowrak deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografiki ýerleşişi, 500­milliondan gowrak ilaty bilen bilelikde, olaryň deňiz söwda ýollaryndan we esasy dünýä bazarlaryndan uzaklygy, geografiki çäklendirmeleri ýeňip geçmek üçin täze çemeleşmeleri talap edýär. 

      Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guraljak bu maslahatyň çäklerinde beýleki çäreler bilen bilelikde Parlament forumynyň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Parlament forumynyň guralmagy ulag diplomatiýasynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça tejribeleri paýlaşmaga mümkinçilikleri açar. Bu babatda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. 2024­nji ýylda «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýynYlalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

      Şeýle hem geçen ýylda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu kanunlaryň mazmunynda döwletara we hökümetara gatnaşyklarda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gazanylýan ylalaşyklarda ulag­logistiki hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn ornuň degişlidigini aýdyň görmek bolýar.

     Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýüpek ýoluny täze şertlerde dikeltmek ugrunda amala aşyrýan beýik başlangyçlary, ýurdumyzda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary diňe bir söwda­ykdysady bähbitleri göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, durnukly ösüşiň beýleki wajyp ugurlary bolan durmuş we ekologiýa abadançylygyny gazanmaga ýardam berýär. 

     Ösüş arkaly parahatçylyk taglymatyny dünýäde dabaralandyrýan, ýurdumyzda halkara derejeli forumlary, maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň hem­de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag,belent başlary aman,il­ýurt bähbitli  tutumlary rowaç bolsun!

 

 Kerimguly GELDIÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we 

parlamentara aragatnaşyklar baradaky 

komitetiniň agzasy