The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri hem Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde türkmen gününiň açylmagydyr.
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabryna çenli dowam etjek giň gerimli Bütindünýä sergisiniň çäklerinde köp sanly milli günler guralar. Öz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini şekillendirmek temasy bilen Ýaponiýanyň Osaka şäherinde açylýan «EKSPO — 2025» Ýer ýüzünde 8 milliard adamyň ykbalyna täsir edýän özboluşly meýdança bolup çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berlipdi. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komiteti tarapyndan hödürlenen Türkmenistanyň pawilýony «Gowy geljege ylham bermek» atly şygar bilen açylar.
Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynda milli bezegler, ýagtylyk panelleri we Beýik Ýüpek ýoluna degişli şekiller ulanylyp, ol eko görnüşde gurnaldy. Bu ýerde myhmanlar Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we durnukly ykdysady ösüşi bilen tanşyp bilerler. Türkmenistanyň milli gününiň 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde, ýagny serginiň açylyşyndan bir gün soň geçirilmegi döwletimiziň pawilýonynyň uly gyzyklanma eýe boljakdygyny alamatlandyrýar.
Söwda-ykdysady ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ugurlara bagyşlanan halkara we Bütindünýä sergileri yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine hem gatnaşar. Hormatly Prezidentimiz «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen şygar astynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň gatnaşmagy baradaky teklibi makullady.
Şeýle meýilnamalaýyn we maksatnamalaýyn işler Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň netijelerini, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagyna, üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýän giň gerimli halkara çäre bolup durýar. Bu abraýly çärede her bir döwlet özüniň tehnologiýa babatda täze işläp taýýarlamalary, ylmy gazananlary, medeni mirasy we innowasion binagärlik çözgütleri bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzyň ýeten sepgitlerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty