The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

16.04.2025

BITARAPLYK – BÜTIN DÜNÝÄNIŇ YKRARY

 

    Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyktoýunyň bellenýän ýylynda halkymyzyň göwün «guşuny» ganatlandyrýan täze hoş habaryň ýene biri BMG­niň Baş Assambleýasyndangelip gowuşdy. Halkymyzyň Milli Lideri, Milletiň atasyGahryman Arkadagymyzyň parahatsöýüjiliklibaşlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowametdirilýändöwründe 2025­nji ýylyň 21­nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu­Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň  79­njy sessiýasynyň 61­nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atlyKararnamanyň hem­de şu ýylyň 11­nji aprelinde  ABŞ­nyň Nýu­Ýork şäherinde BMG­niň Baş Assambleýasynyň 79­njy sessiýasynyň 63­nji plenarmejlisinde BMG­niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň hem biragyzdan kabul edilmegi ýalytaryhy ähmiýetli wakalara şaýat bolmakdiýseň uly bagthem mertebedir. Taryhy üstünlik, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 3­njigezek ykraredilmegi parahatWatanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Nobatdaky üstünlik 2025­nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny has­da dabaralandyrdy. 

     Türkmenistanyň bitaraplygy gelip çykyşy boýunça — ykrar edilen, görnüşi boýunça — hemişelik, manysy boýunça — oňyn Bitaraplykdyr. Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG­niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995­nji ýylyň 12­nji dekabrynda, soňra 2015­nji ýylyň 3­nji iýunynda, täze hoş habar bilen 2025­nji ýylyň 21­nji martynda ykrar edildi. Türkmenistan dünýäde 3 gezek ykrar edilen ýeke­täk Bitarap döwletdir.

     Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen ýörelgelere eýermek bilen, Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «açyk gapylar» syýasatyny giňden alyp barýar. Bu syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek üçin bolsa zerur hukuk binýady döredilendir. 

     Ýurdumyzyň halkara hukugynyň berjaý edilmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolmakda, halkara gatnaşyklaryň kadalarynyň we ýörelgeleriniň hemmelere bähbitli ýola goýulmagyny gazanmakda ygtybarly hyzmatdaş derejesine eýedigi hemmelere mälimdir. 

     Türkmenistan oýlanyşykly we anyk kesgitlenen teklipleri yzygiderli öňe sürýär, şol teklipler bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň 2022 — 2028­nji ýyllar üçin Konsepsiýasysebit wedünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundanbeýläk­de peýdalanmak, syýasy­diplomatik, söwda­ykdysady, medeni­ynsanperwer ulgamlarda, energetika we ulag­aragatnaşyk toplumlarynda, ekologiýaulgamynda netijeli ikitaraplaýyn hem­de köptaraplaýyngatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge 

gönükdirilendir. 

    Türkmen halkynyň taryhy­ruhy tejribesinde gapma­garşylyklaryň döremeginiň, ýaýramagynyň öňüni alyş serişdesi hökmünde bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň çuň kökleriniň bardygyny bellemek gerek. Häzirki ýaşaýan döwrümiz üçünji müňýyllygyň başy, adamzadyň öz taryhynda geljege gönükdirilen aýgytlaýjy pursady başdan geçirýän döwürleriniň biri. Güýje daýanmak usuly gadymybolsa­da, onuň öňüni almaga gönükdirilen gurallar hem öz köklerini hasgadymyýetden alyp gaýdýar. Bitaraplyk bolsaurşuň öňüni almagagönükdirilen şeýle serişdeleriň iň möhümleriniň biridir.

    Her ýylyň 12­nji dekabrynyň BMG tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilip, onuň tutuş dünýäde baýram edilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020­nji ýylyň sentýabrynda Milletler Bileleşiginiň meýdançasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilip, oňa goşulýan döwletleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň giňden goldaýandygynyň nyşanydyr. 

 

Serdar DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ýerli wekilçilikli 

häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen 

işlemek baradaky komitetiniň agzasy