The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bu gün bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Gazanylýan ösüşler, ýetilýän sepgitler berkarar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we at-abraýydyr. Halk hem-de Watan diýen beýik sözler halkymyzyň diliniň senasyna, baş şygaryna öwrüldi. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýok. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň şu gününi we uzak geljegini nazarlaýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi her bir türkmen raýatynyň kalbyny ganatlandyrdy. Geçen aýda uly ruhubelentlik bilen geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna ser salmak bilen, geljekde amal edilmeli işler, anyk wezipeler kesgitlenildi.
Şeýle hem mukaddes baýramçylygymyzyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli resminamalara gol çekdi. Şol resminamalara laýyklykda, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň uly topary «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Ýaş nesilleri milli gymmatlyklara, taryhy mirasa hormat goýmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik ruhunda terbiýelemekde, bilim bermekde ýokary işjeňlik görkezen zenanlara «Zenan kalby» ordeni gowşuryldy, ýaşuly nesliň wekillerine bolsa «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly atlar dakyldy.
Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna bagyşlaýan baýramçylyk sowgatlary her bir ynsana şatlyk we bagt paýlaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda maňa hem şol şatlykdan paýly bolmak — Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmak bagty miýesser etdi. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty ömrümde ýatdan çykmajak buýsançly, ýakymly waka boldy.
Döwlet sylagy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Bu sylag eziz Diýarymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Baýramgözel MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy