The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Halkymyzyň bagtyýarlygynyň we döwletimiziň berkararlygynyň kämil hukuk binýadyny emele getirýän Konstitusiýamyz hem-de keşbinde jebisligimizi, tebigatyň we ýaşaýşyň gözelligini jemleýän Döwlet baýdagymyz milli gymmatlyklarymyzdyr. Beýik özgertmeleriň we ösüşözgerişleriň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Esasy Kanunymyz hem-de ýaşyl Tugumyz watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddeslikler hökmünde sarpalanýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Bu syýasat halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, binýatlaýyn resminamalaryna we atababalarymyzyň asyrlary aşyp gelen milli ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryndan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan, Esasy Kanunymyz döwletimiziň mizemez hukuk binýady, geljekki ösüşleriniň özeni bolup durýar. Konstitusiýamyzda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan ýörelgeler raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna giň şertleri döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň we raýatyň hukuklaryny ileri tutýan hukuk namasy bolup, onda adam döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň uly dabaralar bilen bellenilmegi çuňňur manymazmuna eýedir. Çünki bu iki mukaddeslik türkmen jemgyýetinde berkararlygy we jebisligi rowaçlandyrmakda, bagtyýarlygy üpjün etmekde örän ähmiýetlidir. Milletimiziň mertebesiniň hem-de buýsanjynyň nyşany bolan bu gymmatlyklarymyz şöhratly geçmişden aýdyň geljege ýagty saçýan şugladyr. Şu nukdaýnazardan, Konstitusiýa hukuk kadalarynyň iň ýokary güýje eýe bolan hukuk namasydyr, döwlet Baýdagymyz bolsa döwletliligiň nyşanydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän şanly sene Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralary watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, täze üstünliklere, belent sepgitlere ruhlandyrýar.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady
meseleler baradaky komitetiniň
agzasy.