The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

31.05.2025

IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK ALNYP BARYLÝAR

 

     Häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we berkitmekde parlament diplomatiýasynyň mümkinçilikleri giňden ulanylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022­2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ýurdumyzda parlament diplomatiýasynyň ösmegine mümkinçilikleri has-da artdyrýar.

     «Parlamentara hyzmatdaşlyk» düşünjesi «parlament diplomatiýasy» düşünjesi bilen berk baglanyşyklydyr. Döwletiň ösüşinde we halkara hyzmadaşlykda möhüm orun tutýan parlamentara gatnaşyklar özboluşly aýratynlygy we ýörelgeleri bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasy halkara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda we ynamly gatnaşyklary döretmekde amatly we özboluşly guraldyr. 

     Adatça, parlament parlamentara hyzmatdaşlyk barada özara şertnama baglaşýar, daşary ýurt parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny kabul edýär, şeýle hem parlamentara dostluk toparlaryny döredip, düzümini kesgitleýär.

     Parlament guramalarynyň we parlament assambleýalarynyň özara gatnaşygy hem parlamentara hyzmatdaşlygyň bir görnüşidir. Milli parlamentler halkara parlamentara guramalaryň, parlament bileleşikleriniň dünýäniň global meselelerine seslenmelerini, teklip berijilik häsiýetli kararlaryny öwrenmäge we olary goldamaga degişli işleri alyp barýar. 

     Parlamentler derejesinde geçirilýän maslahatlar, duşuşyklar ýurtlaryň kanunlarynyň özara sazlaşykly bolmagyny, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň öz wagtynda tassyklanmagyny, parlament işini kämilleşdirmegi üpjün edýär. Şeýle hem parahatçylygyň we howpsuzlygyň, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga,bu ugurlarda öňde durýan wezipeleri aýdyňlaşdyrmaga hem-de olar boýunça oňyn çözgütleri teklip etmäge mümkinçilik döredýär. 

     Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň diplomatik gatnaşyklaryny saklaýan dostlukly döwletleriniň parlamentleri we abraýly parlament guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.Ýakynda hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şeýle iş saparlary, ýokary derejede guralýan duşuşyklar, bilelikdäki geçirilýän maslahatlar kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, deputatlaryň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär. 

     Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde aýratyn ähmiýetli ugurlaryň biri bolan parlament diplomatiýasyny ösdürmekde ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutumly işleri elmydama üstünliklere beslensin!

Merdan TUWAKOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky 

komitetiň agzasy.