The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki halkara guramalary bilen adam hukuklary, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak we beýlekiler babatda meseleleriň giň gerimi boýunça yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Bu ýörelgä laýyklykda, ýurdumyzda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Döwletimiz adam hukuklary boýunça esasy halkara resminamalara, şol sanda zenanlaryň hukuklary hakynda konwensiýalara we deklarasiýalara goşuldy.
Gender deňligi meselesine diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde ýokary ähmiýet bermek maksady bilen, 2021-nji ýyldan başlap, her ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirilýär. Bu däbiň dowamy hökmünde 2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Zenanlar we buzluklar» at bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Forum «Howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda we oňa uýgunlaşmakda zenanlaryň orny», şeýle hem «Buzluklary gorap saklamakda zenanlaryň üstünlikli başlangyçlary» diýen iki sany plenar mejlisden ybarat boldy.
Bilşimiz ýaly, köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde suw diplomatiýasy çykyş edýär. Oňa köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy diplomatik görnüşi hökmünde garalýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitinde eden çykyşynda: «Buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, biziň ýurdumyz üçin olaryň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Buzluklar sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygynyň we ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýar. Biz diňe iň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň mümkindigine ynanýarys» diýip belledi.
Ýurdumyz Merkezi Aziýanyň ähli beýleki ýurtlary ýaly arid zolagynda ýerleşmek bilen, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini özünde duýýar. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we täsirini gowşatmak boýunça çärelere diňe bir ekologiýa çygrynda däl, eýsem, ykdysady we durmuş çygyrlarynda hem aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasy suw we oba hojalygy, toprak we ýer serişdeleri pudaklary, ekoulgamlar we tokaýlar üçin uýgunlaşdyryş çäreleriň, şeýle hem senagat, energetika we ulag pudaklary boýunça çäreleriň giňişleýin sanawyny öz içine alýar.
Her ýyl Tokaý maksatnamasynyň çäginde bütin yurt boýunça 3million düýbe çenli ýaprakly, pürli we miweli agaçlar ekilýär. Suw serişdelerini gorap saklamak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmäge saldamly goşantlaryň mysallarynyň biri hem «Altyn asyr» türkmen kölüniň gurluşygy bolup durýar. Bu gidrotehniki taslama ýurduň çäginde, şonuň ýaly-da bütin Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Şunda Türkmenistanyň zenanlarynyň ekologiýa maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga, tassyklamaga we amala aşyrmaga işjeň çekilýändigini bellemek zerurdyr.
Häzirki zaman tehnikasyna ussatlyk bilen erk etmek we zerur bolan çeşmeleri peýdalanmak bilen, zenanlar azyk howpsuzlygyny gazanmak, ýerden peýdalanmak, howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirlerini azaltmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Duşenbe şäherinde geçirilen «Zenanlar we buzluklar» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda çykyş edenler bular barada giňişleýin
durup geçdiler.
Türkmen zenanlaryna şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Çemen REJEPOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ýerli wekilçilikli
häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralary bilen
işlemek baradaky komitetiniň agzasy.