The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

10.06.2025

YNAMA YGRARLY NESILLER

 

     Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda giň gözýetimli, çuňňur dünýägaraýyşly we täzeçe pikirlenmäge ukyply ýaşlary kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Çünki ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň geljegi baradaky aladadyr.

 

     Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Men türkmen ýaşlaryna kalbymyň töründen orun berip, olary ezizleýärin» diýýän bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip nygtamagy ýaş nesillerimize bildirilýän uly ynamyň beýanydyr. Milli Liderimiziň hem­de döwlet Baştutanymyzyň durmuş tejribelerine esaslanyp berýän öwüt­ündewleri ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk ýol­ýörelgedir. 

     Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. 

     Mälim bolşy ýaly, 2022­nji ýylyň 1­nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Jemgyýetiň iň işjeň bölegini düzýän ýaşlaryň pikir­garaýyşlary çuňňur öwrenilip taýýarlanylan, 10 bapdan we 57 maddadan ybarat bu kanunda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary kesgitlenilip, ylym­bilim, döredijilik, telekeçilik, maşgala babatda ýaşlarymyzyň goldanylmagy we goralmagy göz öňünde tutulýar.

     «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir» diýlişi ýaly, ata Watanymyzyň at­abraýynyň has­da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Şu jähetden, Kanuna «Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi» atly täze babyň girizilmegi ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň kanunçylyk binýadyny döretmekde uly ähmiýete eýedir.

     Dünýäniň häzirki şertlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işlerinde ýaşlara wajyp ähmiýet berilýär. Şoňa görä­de, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030­njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO­nyň  Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. 

     Ýaşlar syýasatyny halkara derejede ýaýbaňlandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň hem esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä­de, 2023­nji ýylda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministsliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly Ýaşlaryň halkara maslahatynyň, şeýle hem Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy.

     Jemläp aýdanyňda, türkmen ýaşlary jemgyýetiň ähli gurşawynda bolup geçýän özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, olaryň islegleri, gymmatlyklary, garaýyşlary geljegiň binýadydyr. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem­de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Maksat JANMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 

Mary welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.