The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen kadalar we ýörelgeler döwletiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek, halkyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda gazanylan we gazanylýan üstünlikleriň möhüm hukuk esasy bolup durýar. Konstitusiýa raýaty we döwleti özara hukuklary, borçlary ykrar etmek arkaly baglanyşdyryp, olaryň ylalaşykly işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Konstitusion kadalardyr ýörelgeler adamyň hem-de raýatyň syýasy, durmuş ykdysady hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyz dünýäde, ýurtda bolup geçýän öňegidişlikleri, döwletliligiň dowamly ösüşini, demokratik tapgyrlaryň kämilleşdirilmegini hasaba almak bilen,üsti ýetirilýän, ösdürilýän resminamadyr.
Adam hukuklary we azatlyklary döwletliligiň berkligine, onuň demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyna baha bermegiň baş çelgisidir. Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň goraglylygy esasy orunda durýar. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär.
Ýurdumyz halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak maksatlaryndan ugur alyp, halkara gatnaşyklary berkitmekde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň goldaw bermeginde ýurdumyzda «Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» we «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023—2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy», «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025—2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» işlenip taýýarlandy we olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň mysalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň her bir adamyň bilim almaga, zähmet çekmäge, dynç almaga we saglygyny gorap saklamaga bolan hukugyny beýan edýän kadalarynyň durmuşa ornaşdyrylýandygyna göz ýetirmek bolýar.
Ýurduň Esasy Kanunynda we konstitusion kadalarynda adamyň we raýatyň haýsydyr bir hukugynyň ýa-da azatlygynyň berkidilmezligi şol hukugyň ýa-da azatlygyň bikanundygyny ýa-da tebigatda ýokdugyny aňlatmaýar. Ählumumy ykrar edilen ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, adamyň we raýatyň özgeleriň kanuny bähbitlerine, daşky gurşawa, milli howpsuzlyga, jemgyýetçilik tertibine, şeýle hem ahlak kadalaryna zelel ýetirmeýän islendik hukugy we azatlygy kanunydyr. Hukuk adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary täsir ediş, gözükdiriş güýjüne daýanyp tertipleşdirse, ahlak kadalary jemgyýetçilik garaýyşlary, ruhy gymmatlyklar bilen rejeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan syýasatynda jemgyýetiň we döwletiň, her bir raýatyň demokratik ýörelgelerini hem-de hukuk esaslaryny berkarar etmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Bu wezipeler hukuk ulgamynyň ähli düzüm böleklerini gurşap almak bilen, ol aň-düşünjeliligiň, edep-terbiýäniň, ýaşaýyş-durmuşyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.
Halkyň öz erk-islegini göni beýan etmeginiň kanuny görnüşi bolan saýlawlar raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralarynyň emele gelmegine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün edýär. Muňa mysal edip, demokratiýanyň iň möhüm ýüze çykmalarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlawlaryny görkezmek bolar. Munuň özi Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamanyň 21-nji maddasynyň 3-nji böleginiň 1-nji bendindäki: «Halkyň erk-islegi hökümetiň (häkimiýetiň) esasyny düzmeli» diýen halkara hukuk kadasynyň amal edilýändigini aýdyň görkezýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda köppartiýaly ulgam döredildi, jemgyýetiň öz-özüni dolandyryşy ösdürilýär. Raýat jemgyýetiniň binýady bolan we onuň mazmunyny kesgitleýän institutlara goldaw berilýär. Türkmenistanda syýasy köpdürlülik we köppartiýalylyk ykrar edilýär. Döwlet raýatlaryň Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukugyny, dine uýmagyň erkinligini, jemgyýetçilik birleşikleriniň kanunyň öňündäki deňligini hem-de her bir adamyň pikir we söz azatlygyny kepillendirýär, raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär.
Mahlasy, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, ony durmuşa ornaşdyrmagyň gurallaryny döretmek wajyp wezipe bolup durýar. Jemgyýetde hukuk medeniýetiniň derejesiniň kämil bolmagy döwletiň hukuk kadalarynyň bökdençsiz durmuşa geçirilmegine, adam hukuklarynyň goraglylygyna, halkyň aň-düşünjesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hukuk medeniýetiniň derejesini dürli görnüşli hukuk gatnaşyklarynyň işjeňligi, kanunçylyk ulgamynyň we hukuk tertibiniň, hukuk resminamalarynyň dogry ýöredilişiniň ýagdaýy kesgitleýär.
Ýurdumyzda häzirki döwürde hereket edýän kanunçylyk namalary Konstitusiýada berkidilen düzgünler we kadalar esasynda berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň her bir kadasy adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de öňünde durýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ýörelgelerini açyp görkezýär. Bu bolsa ýurtda jebisligi, raýdaşlygy we sazlaşykly durmuşy üpjün edýär.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş
syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.