The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

11.06.2025

BELENT ÜSTÜNLIGIŇ BEÝANY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasaty ýurduň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Döwleti we jemgyýeti mundan beýläkde demokratiýalaşdyrmakda, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkitmekde, milli kanunçylygymyzyň hukuk binýadyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmekde, sanly hyzmatlary milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu işler üstünlikli ösdürilýär. Adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýe bolan sanly ulgamyň esasy ugurlary kesgitlenip, milli bilim, kanunçylyk, saglygy goraýyş, şäher gurluşyk, oba hojalygy ulgamlarynda netijeli işler amala aşyrylýar. Jemgyýetiň we döwletiň galkynyşy bilimiň, ylmyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu günki­gün ylym we bilim ösüşleriň kämil binýady hökmünde kesgitlenilýär. Bilimiň, ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň baglanyşygy netijesinde

durmuş­ykdysady özgertmeler sazlaşykly alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bolsa ýurdumyzda önümçiligiň ähli pudaklaryna sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar.

 

     Häzirki wagtda Ýer ýüzünde sanly ulgam, maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp ugrady. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti, innowasion we intellektual ösüşi ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetiň hukuk we institusional düzümini özgertmek boýunça netijeli işler amal edilýär. Hut şu nukdaýnazardan hem,ýurdumyzyň depginli ösüşini artdyrmak we durmuş ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrebaplaşdyrylyp, kämilleşdirilip, kanunlar, konsepsiýalar, döwlet maksatnamalary kabul edilýär. Ýurdumyzda sanly ulgamyň kanunçylyk binýady berkidilýär. Bu babatda «Elektron hökümet hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda»,

«Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we bu Kanunlara esaslanýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny görkezmek bolar. 

     Häzirki wagtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak döwletimiziň baş maksadynda goýuldy. Döwletiň, jemgyýetiň medeni, ykdysady, intellektual, mümkinçilikleriniň ösmegi üçin ýurduň geljegi bolan ýaş nesle öwredilýän bilime aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ulgamy sanlylaşdyrmak, ösdürmek hem-de hukuk binýadyny berkitmek esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy kepillendirilip, ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenilýär. Milli bilim babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň toplumlaýyn we bitewi häsiýete eýe bolmagy kanunçylyk namalarynda aýdyň şöhlelenýär. Esasy Kanunymyzyň kadalaryna esaslanýan Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanuny döwletimizde üstünlikli dowam edýän bilim özgertmeleri bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Bilime sanly ulgamy ornaşdyrmak Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilýär.

    Türkmenistan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara şertnamalaryna ilkinjileriň hatarynda goşulmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekde maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň dördünjisi bolan «Hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeleriň bütin ömrüniň dowamynda

 

okamak mümkinçiligini höweslendirmek» atly maksadyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler muny tassyklaýar. Bilim ulgamyny okgunly ösdürmegiň her bir ugrunyň Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna wezipelerine kybap gelýändigini aýratyn bellemek gerek. 

     Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň ösüşi ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, okatmakda, pedagogik işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda giň gerimli ulgamlaýyn özgertmeleri geçirmegi, umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegi nazarlaýar. Sanly ösüşiň durmuşyň ähli ugruny gurşap almagy, täze tehnologiýalaryň döredilmegi ýaş nesliň taýýarlygynyň barha kämilleşdirilmegini talap edýär. Okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak döwrüň wajyp meseleleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde geljekki hünärmenleri halkara ülňülerinde sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösen derejede taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, täze taryhy döwürde ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary öwrenmäge,

kompýuter programmalaryny düzmäge uly üns berilýär. Elektron maglumatlar asyrynda iň zerur ugurlar hökmünde kompýuter programmalaryndan baş çykarmak, robototehnikany kämil özleşdirmek we kämil tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak möhümdir. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi Watanymyzyň bilimler ýurdy hökmünde rowaçlyklara beslenmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, hünär bilimi edaralarynyň döwrebap binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olarda sanly ulgamdan peýdalanmaga döredilen mümkinçilikler we şertler ýurdumyzy ösüşlere besleýär.

 

Nepes ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.