The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

12.06.2025

SPORT —DOSTLUK KÖPRÜSI

 

      Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de eziz Di­ýary­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty ös­dür­mek, be­den taýdan sag­dyn, ru­hu­be­lent ra­ýat­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek boýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.Ýur­dumy­zyň dür­li künjek­le­rin­de dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne laýyk gel­ýän, hä­zir­ki za­ma­nyň iň kä­mil enjam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan sport top­lum­la­ry, mekdep­le­ri, sta­di­on­lar we baş­ga-da sport mak­sat­ly en­çe­me desga­lar gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şeý­le­lik­de, ýaş­la­ry­my­zyň spor­tuň dür­li görnüş­le­ri bo­ýun­ça tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­gy, hal­ky­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe bi­len giň­den meşgullan­mak­la­ry üçin berk bin­ýat döre­dil­di. Bu gün gaý­rat­ly tür­gen­le­ri­miz se­bit we hal­ka­ra de­re­je­dä­ki ýa­ryş­lar­da ata Watany­myzyň baý­da­gy­ny belent­de par­la­dyp, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny ar­şa gal­dyryp, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, eder­men­li­giň, ha­ky­ky us­sat­ly­gyň aja­ýyp nusgasy­ny gör­kez­ýär­ler. 

     Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň me­ka­ny ha­sap­la­nyl­ýan Garaşsyz, ba­ky Bi­ta­rap Türkme­nis­ta­nyň mer­mer paý­tag­tyn­da en­çe­me iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi dün­ýä­niň sport jemgy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­za bil­di­ril­ýän uly ynamyň, bedenter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, wa­gyz et­mek, bu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­landyr­mak ug­run­da­ky tagal­la­la­ryň do­ly yk­rar edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Gün­do­ga­ryň mer­je­ni hasapla­nyl­ýan paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Merke­zi Aziýada de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň gu­rul­ma­gy türk­men sportu­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­na uly go­şant goş­dy. Hut şu ýer­de örän ýo­ka­ry gu­ra­ma­çylyk­ly ge­çi­ri­len Ýa­pyk binalar­da we söweş sunga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty, Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çempio­na­ty, ten­nis bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň to­par­la­ýyn birinji­li­gi, Hokkeý boýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy, Mil­li we gu­şak­ly alyş gö­re­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy, ýur­du­my­zyň çä­gin­de geçirilen «Amul — Ha­zar» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si mil­li spor­tuň tary­hyn­da tä­ze sa­hypa­ny aç­dy. Ol ýa­ryş­lar Türk­me­nis­ta­nyň ýokary de­re­je­li bäs­le­şik­le­ri gu­rap bil­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da orun alan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy, şeý­le hem äh­lu­mu­my parahatçy­ly­gyň, abadan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň üs­tün­li­gi­ni gör­kez­di. 

     Hä­zir­ki dö­wür­de spor­ta we olim­pi­ýa here­ke­ti­ne döw­let­le­riň, halk­la­ryň ara­syn­da­ky yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­ma­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­giň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ba­ha berilýär. Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň öňe sür­ýän sport dip­lo­ma­ti­ýasy hem dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nükdi­ril­ýär. Bu ugur­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bilen iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­ýar. Dün­ýä halklarynyň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy we raýdaşly­gy ber­kit­mek­de spor­tuň uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi ta­ry­hyň yk­rar eden ha­ky­ka­ty­dyr. Şo­ňa bag­ly­lyk­da, pa­ra­hatçy­ly­gyň, dostlu­gyň we yna­nyş­ma­gyň çeş­me­si ha­sap­lan­ýan sport hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­lenýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türkmenis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döwlet­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rarna­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy. Bu res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­niň göz­ba­şyn­da sport ar­ka­ly yn­sanper­wer­li­giň wa­gyz edil­me­gi­niň, yna­nyş­ma­gy  ýaý­baň­lan­dyr­ma­gyň dün­ýä­de parahat­çy­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ber­ka­rar et­mek ba­bat­da­ky umuma­dam­zat äh­mi­ýe­ti aý­dyň şöh­le­len­ýär. 

     Hor­matly Prezidenti­miz  Ser­dar  Berdimuhamedow  Gahryman  Arkadagy­my­zyň sport bi­len meşgul­lan­mak we wagyz et­mek bilen bag­ly asyl­ly baş­lan­gyçla­ry­ny do­wam etdirmek bi­len, iş­jeň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň peý­da­sy­ny iş ýü­zünde tas­syk­lap, wa­tan­daş­la­ry­my­za nus­ga­lyk gö­rel­de görkez­ýär. Be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ne, ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ta döw­let tara­pyn­dan uly äh­mi­ýet be­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, halka­ra ýa­ryş­lar­da Türkmenis­ta­na we­kil­çi­lik ed­ýän ýaş türgenleriň tä­ze nes­li kemala gelýär. Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da sport ul­ga­my­ny, şol sanda at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mek iş­le­ri hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 

     Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýylyn­da «Galky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň Mo­na­ko Knýaz­ly­gyn­da geçi­ri­len Mon­te-Kar­lo hal­ka­ra sirk sun­ga­ty festiwa­lynda Al­tyn baý­ra­ga hem-de ýö­ri­te baý­rak­la­ra my­na­syp bol­ma­gy, «Arkadag» fut­bol to­pa­rynyň uly ýe­ňiş ga­za­nyp, Aziýa­nyň Futbol konfe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ça­gy­ryş li­ga­sy­nyň çempio­ny bolmagy eziz Di­ýa­ry­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty we Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek boýun­ça Gah­ry­man Arkadagymy­zyň binýa­dy­ny go­ýan, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdary­my­zyň paýhasly baş­tu­tan­ly­gyn­da do­wam et­di­ril­ýän köpta­rap­ly iş­le­riň bü­tin dün­ýä­de ro­waç­lanýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy. 

     Türk­men ýaş­la­ry spor­ty, be­den­ter­bi­ýäni özle­ri­niň durmuşlaryn­da ka­da­ly en­di­ge öwür­di­ler. Bedenterbiýäniň hem-de spor­tuň ýö­rel­ge­sin­de ke­ma­la gel­ýän ýaş­la­ry­myz bu gün belent ruh­ly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, be­den taýdan sag­dyn nesillerdir. Ýaş­la­ry­myz sportuň bar ýe­rin­de parahat­çy­ly­gyň, aba­dan­çyly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň, gül­läp ösü­şiň hö­küm sürýändigine, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň berkidilýän­di­gi­ne tüýs ýü­rek­den ynan­ýar­lar. Bü­tin dün­ýä­de para­hat­çy­ly­gy, durnuk­ly ösü­şi, dost-do­gan­ly­gy da­ba­ra­lan­dyr­ýan sport diplomati­ýa­sy­nyň ro­waç­lan­ma­gy ug­run­da çäk­siz ala­da­la­ry edýän, köp­ta­rap­ly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Arkadagymy­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan iş­le­ri üs­tün­lik­le­re beslensin! 

 

Perman SAPAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.