The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

13.06.2025

MILLI KANUNÇYLYK DABARALANDYRYLÝAR

 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen Kanunlaryň birnäçesine seredildi we kabul edildi. Kabul edilen Kanunlaryň biri hem «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanydyr.

 

     «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini milli kanunçylygymyza we kazyýet önümçiligine ornaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanyldy. 

     Kazyýet häkimiýeti adyl kazyýetligi amala aşyrýan döwlet häkimiýetiniň garaşsyz we özbaşdak şahasydyr. Onuň esasy tapawutly aýratynlygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, diňe Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň düzümine girýän döwlet kazyýetleri tarapyndan amala aşyrylýanlygydyr. 

     Adyl kazyýetlik Kanunyň ähli talaplaryny doly we gyşarnyksyz berjaý etmek bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan dürli hukuk bozulmalarynyň Kanunlarda bellenilen kadalary we iş ýörediş tertibini berjaý etmek bilen adalatly we esaslandyrylan çözgütleri çykarmak arkaly kazyýet edaralary tarapyndan amala aşyrylýan hukuk goraýjylyk işidir. Türkmenistanda kazyýet häkimiýetini amala aşyrýan kazyýetleriň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, kazylary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibini, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany 6 bölümden, 12 bapdan ybarat bolup, 118 maddany öz içine alýar.

     Kanunda Türkmenistanyň raýatlarynyň öz at-abraýyna we mertebesine, Konstitusiýada hem-de Kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklaryna we azatlyklaryna hyýanat edilmeginden kazyýet goragy kepillendirilýär. Şonuň bilen bir hatarda,  daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de halkara şertnamalaryna  laýyklykda kazyýet tertibinde goranmaga bolan hukukdan peýdalanýandyklary beýan edilýär. 

     Kanunda Türkmenistanda kazyýet ulgamy Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri, etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetlerinden ybarat bolup durýandygy bellenilen hem-de olaryň ygtyýarlyklary anyk kesgitlenilen. 

     Kanunda kazylary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklary, hukuklary we borçlary kesgitlenilýär. Şeýle-de kazy wezipesine dalaşgärlere bildirilýän talaplar kadalaşdyrylypdyr. Şunda etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine 25 ýaşy dolan, ýokary ýuridik bilimi, ýuridik hünäri boýunça azyndan iki ýyl iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýatynyň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazysy wezipesine 30 ýaşy dolan, azyndan üç ýyl kazylyk iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýatynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine bolsa 30 ýaşy dolan, azyndan bäş ýyl kazylyk iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýatynyň bellenip bilinýändigi beýan edilýär. 

    Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ähli kazyýetleriň kazylary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär. Kazylaryň ygtyýarlyklarynyň möhleti — bäş ýyl bolup, olar aýratyn hukukdan peýdalanýarlar. 

     Şeýle-de kazy wezipä bellenilende, kazynyň wezipesinde bolmagyň aňryçäk ýaşy bellenilen, ýagny Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylary üçin ýetmiş ýaş, beýleki kazyýetleriň kazylary üçin altmyş bäş ýaşa çenli diýlip bellenilýär. Kazynyň wezipesinde bolmaklygyň aňryçäk ýaşy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bäş ýyla çenli möhlete uzaldylyp bilinýär. 

     Kanunda kazyýet oturdaşlarynyň saýlawlary we kazyýet oturdaşlaryny bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklary, hukuklary we borçlary bellenilýär. Kazyýet oturdaşlygyna 25 ýaşy dolan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp ýa-da bellenip bilinýär. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary raýatlaryň işleýän ýa-da ýaşaýan ýerlerinde ýygnaklarda açyk ses bermek arkaly saýlanýarlar, kazyýet oturdaşlarynyň saýlawlaryny geçirmegi etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň häkimlikleri guraýarlar.

    Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Pleniumynyň, Prezidiumynyň we Kazyýet kollegiýalarynyň düzümi, olaryň ygtyýarlyklaryny belleýän kadalar hem Kanunda anyk beýan edilen. 

     Agzalan Kanuna «Maşgala işleri boýunça kazylar» atly täze bölüm goşuldy. «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň kabul edilmegi kazyýet önümçiliginde raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň has ygtybarly bolmagyny üpjün eder. 

     Berkarar döwletimizde her bir maşgalanyň bagtly, agzybir, bolelin, erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda döwlet tarapyndan edilýän işler sanardan köpdür. Ýurdumyzyň hukuk binýadynyň kämilleşmegi ugrunda giň gerimli işlere badalga berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

 Meňli DIWANOWA, 

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.