The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Milli Bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenip geçildi. Bu baýram günlerinde, has takygy 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky hoş habar külli türkmeniň toý şatlygyny goşalandyrdy. Bu şatlykly habar baharyň mymyk şemaly kimin kalplara ýakym paýlap, göwünleri galkyndyrdy.
Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň abraýly halkara guramasy hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamalar kabul edilipdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligidir, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki tagallasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Bu türkmen diplomatiýasynyň üstünligidir.
Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýoly dost-doganlygy, parahatçylygy dünýä ýaýýar. Ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýän häzirki döwürde ýurdumyz sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, abadan durmuşyň, durnukly ösüşiň gazanylmagyna önjeýli goşandyny goşýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip, örän jaýdar belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary syýasaty netijesinde häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyklarymyz barha işjeňleşýär. Şunuň özi hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hil taýdan täze derejä çykýan türkmen Bitaraplygynyň üçünji gezek ykrar edilmeginiň esasy sebäpleriniň biridir.
Bütin dünýäde parahatçylygy we abadan durmuşy üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.