The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilen eziz Diýarymyzda ýokary netijeli sporty hem-de Olimpiýa hereketini ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda bedenterbiýe we sport ulgamynyň kanunçylyk hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Islendik ugurda ýokary netijeleriň gazanylmagy, öňde goýlan maksatlara ýetilmegi öz işine ussat hünärmenleriň yhlasly zähmeti bilen baglanyşyklydyr. Hut şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport ulgamynda hem kämil hünärmenleri taýýarlamak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 59-njy maddasyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenler ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylýar. Kanunda kesgitlenilişi ýaly, döwlet bedenterbiýe we sport babatda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Öz gezeginde, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagy sport desgalarynyň we enjamlarynyň toplumynyň bolmagyny göz öňünde tutýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ussat türgenleri we hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir. Döwrebap sport toplumlary, iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen bilim ojaklary ýaşlaryň bedenterbiýäniň we sportuň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmeginde, nazary ylymlary tejribä ornaşdyrmagynda oňyn mümkinçilikleri açýar.
Hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak hem milli sport ulgamymyzda ileri tutulýan ugurlardyr. Milli kanunçylyga laýyklykda, bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň wezipelerine bildirilýän hünär talaplary bedenterbiýe hem-de sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. Bedenterbiýe we sport hünärmenlerine degişli ugur boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýän tertipde hem-de şertlerde Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda hünär derejeleri berlip bilinýär.
Bu gün türgenlerimize diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda guralýan halkara ýaryşlara gatnaşmaga hem, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmäge-de mümkinçilikler döredilýär. Amala aşyrylýan işleriň, döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde türkmen sporty ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edýän, beden hem ruhy taýdan kämil nesilleri kemala getirmek ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni