The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýeňişlere beslenip geçen 32 ýylynyň dowamynda Türkmenistan Watanymyz ösüş-özgerişli menzilleri külterledi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny hemme taraplaýyn pugtalandyrmakda ägirt uly işler amala aşyryldy. Türkmen jemgyýetinde milli demokratik ýörelgeler uly ähmiýete eýe bolýar we rowaçlanýar. Muny Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýene bir gezek subut etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakasy bolmak bilen, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyz nobatdaky wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünliklerimizi mundan beýläk-de berkitmekde, türkmen halkynyň abadan, bolelin ýaşaýşynyň bähbidine öňde durýan örän möhüm meseleleri maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetini nygtady. Şeýle hem Milli Liderimiz türkmen halkynyň döwlet gurujy halkdygyny, döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap alandygymyzy belläp geçdi. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilikli däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti gurandygymyza ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşinde ýetilen belent sepgitlere jikme-jik seljerme berdi. Döwrüň öňe çykarýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň meseleleri dogrusynda durup geçdi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda we beýleki ulgamlarda gazanylan we gazanylýan uly üstünliklere ünsi çekdi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka bolan bu mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň berilmegi il-günümiziň guwanjyna guwanç goşdy. Elbetde, bu ählumumy foruma gatnaşyp, möhüm wakanyň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşandyr.
Arslan ÇARYÝEW.
Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Pendi” şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.