The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde hemişelik Bitarap Türkmenistan senagat taýdan ösüp, dünýä bazarynda ýokary hilli harytlary bilen tanalýar. Tebigy baýlyklaryň örän uly gorlaryna eýe bolup, geografik taýdan amatly çäkde ýerleşýän ýurdumyz dünýä döwletleri bilen ykdysady, söwda, ulag, energetika ugurlarynda gatnaşyklary ilerledýär. Munuň özi ýurdumyza dünýäniň energiýa serişdeleriniň bazarlarynda öz ornuny eýelemäge, ulagyň ähli görnüşleri arkaly söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda parahatçylygy berkitmek, deňhukuklylyk, goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek ýörelgeleri öňe sürülýär.
Ýurdumyzyň bazarlarynda ilatyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygy döredilip, amatly bahalardan sarp edijilere ýetirilmegi, milli haryt nyşanly önümleriň dünýä bazarlaryna çykarylýan möçberiniň ýylsaýyn artmagy, halkara we sebitara forumlardyr sergilerde ykdysady mümkinçiliklerimiziň giňişleýin beýan edilmegi daşary ýurtlar bilen söwda ugurly gatnaşyklarymyzy ösdürmäge giň ýol açýar. Ýurdumyzda gazanylýan guwandyryjy ösüşler dünýä döwletleri bilen bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak, ygtybarlylyk we hoşniýetlilik ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar.
Tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz ulag-logistika, energetika ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa döwletleri hem-de beýleki sebitler bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy döwrebap derejä çykarmaga şert döredýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitine gatnaşdy. Onda sebitara innowasion hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz: «Emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýarys» diýip bellemek bilen, Merkezi Aziýa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdygyny nygtady.
Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi, onuň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan ykrar edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Beýik Britaniýanyň «Fitch Ratings» agentliginden «BB-durnukly» reýting derejesiniň berlendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy bu hakykatyň subutnamasydyr. Agentligiň maglumatynda Türkmenistanyň maliýe durnuklylygynyň ýokary derejesi we uly möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygy bellenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da rowaçlanýan ykdysady strategiýa Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegine, ykdysady kuwwatynyň artmagyna, bütindünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, halkara we sebitara maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan ýolunda ähmiýetli senä öwrülýär.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.