The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

20.10.2023

HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE SAHYPASY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz Diýarymyzyň daşary syýasat ugrunyň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Ýurduň Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny üpjün etmek bilen, hormatly Prezidentimiz BMG we beýleki halkara guramalar bilen ýola goýlan anyk we netijeli gatnaşyklary işjeň dowam etdirýär. Bu babatda GDA döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklar taryhy taýdan ýola goýlan dostluk we doganlyk däplerine we ýörelgelerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Gyrgyz Respublikasynda geçirilen nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda öňe süren teklipleri hem Türkmenistanyň ähli babatda bolşy ýaly, daşary syýasatda-da ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýandygyny dünýä ýüzüne ýene bir ýola äşgär etdi. 

Garaşsyz Türkmenistanyň GDA ýurtlarynyň özara hereketini işjeňleşdirmek boýunça öňe süren teklipleri, başlangyçlary ýokary baha mynasyp bolýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň Arkalaşygyň giňişliginde dünýä bazarynyň iri sektorlaryna çykýan, köp görnüşli ulag ýollaryny döretmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, Arkalaşygyň halklarynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary döretmek bilen baglanyşykly başlangyçlaryny mysal hökmünde görkezmek bolar. 

GDA ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň ykdysady ugruny güýçlendirmek, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyçlaryň hem Garaşsyz Türkmenistana degişlidigini bellemek örän buýsançlydyr. Ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, ýangyç-energetika, senagat, söwda, innowasiýalardyr tehnologiýalar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenilen GDA-ny 2030-njy ýyla çenli ykdysady taýdan ösdürmegiň Strategiýasynyň hut şu Jarnama esaslanýandygyny ýatlasak, onda Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerindäki ornunyň näderejede wajypdygyna göz ýetirmek kyn däl. 2012-nji ýylda Mary şäheriniň, 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň Arkalaşygyň mümkinçiliklerini ösdürmek bilen baglanyşykly öňe sürýän başlangyçlarynyň dostlukly ýurtlar tarapyndan ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

 Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden çykyşynda BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmek, 2024-nji ýylda bolsa halkara maslahaty guramak, Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek bilen baglanyşykly aýdanlary Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň global maksatlary nazarlaýandygyny nobatdaky gezek dünýä äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Derwaýys meseleleri çözmegiň ýollaryny gözlemek boýunça teklipleri öňe sürmek bilen, biz başlangyçlarymyzyň Arkalaşygyň çäklerinde berk we uzak möhletli parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigine, tutuş dünýäde parahatçylyk, ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ileri tutmaga uly goşant bolup hyzmat edýändigine düşünmekden ugur alýarys» diýen sözleri bolsa ýurduň daşary syýasatdaky ýörelgeleriniň şygary bolup ýüreklerden orun aldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe binýady bir-birege hormat-sarpadan gurlan dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň geriminiň giňemegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.