The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

17.07.2025

Ak günleriň, giň dünýäniň hakyna

                                             

     Ata Watanymyz tarapyndan halkara giňişliginde durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmaga gönükdirilen başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Muny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem tassyklaýar. Şu Kararnama laýyklykda bu wekilçilikli çäräni ata Watanymyzda geçirmek boýunça çözgüt Milletler bileleşigine agza ýurtlar tarapyndan goldanyldy.

 

     Şu ýylyň 4-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz bu maslahaty we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen taryhy Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda häzirki günlerde «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukdaky halkara forumy ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berilýär. Bu forum BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her on ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisi bolmak bilen, üstümizdäki şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirer. Forumyň barşynda garaljak möhüm meseleleriň we kabul ediljek oňyn çözgütleriň oňa gatnaşýan döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir.

     Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň forumyň many-mazmuny barada aýratyn belläp geçmek bilen, onuň dünýä üçin uly syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwerlik ugurlar boýunça möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekmegi ata Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, BMG tarapyndan amala aşyrylýan uzakmöhletleýin, giň möçberli strategiýalara, maksatnamalara we taslamalara saldamly goşant goşýandygyny subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan bu döwletli ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilip, hoşniýetli hyzmatdaşlygy berkitmegiň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň berk binýadyna öwrüldi. Bitaraplygyň türkmen nusgasyna laýyklykda giň goldawa eýe bolýan başlangyçlaryny dünýä bileleşigine teklip edýän Türkmenistan soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça giň möçberli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Olaryň guramaçylyk we taýýarlyk işlerini ýokary derejede alyp barmakda Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk tejribä esaslanýan gymmatly maslahatlary möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. 

     Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly we öňdengörüjilikli düýpli özgertmelere esaslanýan döwlet syýasaty Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň berkarar edilmegine, ýurdumyzda asudalygyň we parahatçylygyň dabaralanmagyna, ilatyň mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegine, dünýäniň dostlukly ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilip, onuň hukuk binýady yzygiderli berkidilýär. Bu ugurlarda hereket edýän kanunlar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda milli ruhda kämilleşdirilýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýene sanlyja günlerden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara forumda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, deňhukukly gepleşikler meýdançasy döredilýär. Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi  ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygynyň nobatdaky gezek subutnamasy bolar.

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.