The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri hasda işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.
Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde ýurdumyzyň halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarasynyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu umumymilli forumda jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlaryna degişli düýpli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça möhüm çözgütler kabul edildi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti barada aýratyn nygtap geçmek bilen, umumymilli foruma gatnaşyjylary şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik däplerini dowam etdirmäge çagyrdy. Milli Liderimiz öz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň şäherlerini ösdürmekligiň strategiýasyny işläp taýýarlamaklygyň hem zerurdygyna ünsi çekdi.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz hem Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş edip, şu ýyl ýurdumyzda jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýumlary goýmaklygyň göz öňünde tutulýandygy, ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara takyklamalar girizilse maksadalaýyk boljakdygy, üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy – Farap we Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda 545 million 55 müň manat möçberinde, oba hojalyk pudagynda1 milliard 600 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň özleşdiriljekdigi, Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygy baradaky çuň mazmunly ylmy-nazary pikirlerini beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz taryhy çykyşlarynda mukaddes Watanymyzyň geljegi bolan şu günki bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, kämil nesiller bolup ýetişmekleri babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän döwrebap şertler we mümkinçilikler barada aýratyn belläp geçdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, olaryň halkymyzyň daýanjy bolup durýandygyny çäksiz buýsanç bilen dile getirdi. Hormatly Prezidentimiz hem öz çykyşynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesilleriň düzýändigini, ýurdumyzyň olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýandygyny uly guwanç bilen belläp geçdi.
Halkymyzyň ýaş nesliň gujur-gaýratyna, kämil ukyp-başarnygyna, ýiti zehinine,baý iş tejribesine aýratyn hormat goýýandygyny nobatdaky umumymilli forumda Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hakyndaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy bilen baglanyşykly taryhy pursat aýdyň tassyklaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda amal edilmeli nobatdaky ösüşlerimiziň esasy ugurlaryny kesgitlemegi, berkarar döwletimiziň şu günki ykdysady kuwwatynyň, abadan hem eşretli durmuşynyň, geljekki rowaçlyklarynyň wysaly bolan belent maksatlaryny aýdyň beýan etmegi umumymilli foruma gatnaşyjylarda diýseň uly täsir galdyrdy. Hut şu nukdaýnazardan, halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň durmuş mekdebini geçen hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan ýiti zehinine, baý iş tejribesine mynasyp baha bermek bilen, Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ady dakdy. Ine, şunuň özi hem döwletimiziň we jemgyýetimiziň türkmen ýaşlaryna ägirt uly ynam bildirýändigini görkezýär.
Bu günki gün merdana halkymyz özüniň aýdyň geljegini gurýar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly gadamlar bilen öňe barýar. Agzybirligiň, jebisligiň, parahatçylygyň, bir Watana, dowamat dowam bolan bir Başa gulluk etmegiň ajaýyp göreldesini, nusgasyny äleme görkezýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda bolup geçen nobatdaky mejlisi hem munuň şeýledigini ýene-de bir gezek aýan etdi.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde her ýyl geçirilmegi indi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda hukuk taýdan berkidilmegi milli demokratiýanyň özboluşly bir aýratynlygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüşleriniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga, döwletiň sazlaşykly ösüşini güýçlendirmäge ýardam berip, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyny üpjün eder.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty