The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

24.07.2025

Döwrüň sahawat serpaýy nesillere bagt paýlaýar

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adam hakyndaky alada hemişe ilkinji orunda durýar. Ýaş nesliň saglygy baradaky alada döwlet syýasatymyzda  aýratyn  ileri  tutulýar. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ynsanperwerligiň, haýyrly işleriň aňrybaş nusgasydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy bilen haýyr-sahawat gaznasy döredilen gününden bäri ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň  goralmagyna  gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyryp gelýär.  Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna kömege mätäç çagalara, şeýle-de dostlukly döwletleriň çagalaryna ynsanperwerlik hem-de durmuş kömekleri berilýär.

      Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna operasiýa edilip, sagdyn çagalaryň hataryna goşulyp, sowat-bilim almak mümkinçiliklerini giňden peýdalanýan ýaş nesilleriň täze ädimleri olaryň hossarlaryny hem-de tutuş jemgyýeti buýsandyrýar. Gaznanyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete hem-de netijeli häsiýete eýe bolmak bilen, halkara ykrarnama hem mynasypdyr. Üstümizdäki ýylda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi bolsa, abraýly gaznanyň işini halkara derejede ilerletmekde möhüm ädim boldy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça  wise-prezidenti  Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen halkara maslahatyň dowamynda seredilen meseleleriň onuň Jemleýji resminamasynda beýan edilip, Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilmegi, onuň Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradylmagy gaznanyň işiniň ählumumy bähbidine halkara derejede ähmiýet berilýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. 

     Gahryman Arkadagymyzyň  nygtaýşy  ýaly, islendik döwletiň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýär. Türkmenistan ýurdumyzyň bolsa bu ugurda kuwwatly döwletdigini bellemek has-da ýerliklidir. Ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilip,  bu babatda ýaşlaryň hukuklary kanun esasynda kepillendirilýär. 

     Pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwer durmuş ýörelgelerini, kämil zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenmegi başarýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamynda alnyp barylýan köpugurly tutumlaryň düýp özenidir. Şunda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak möhüm bolup durýar. Şeýle giň mümkinçiliklerden ýaş nesillerimiziň ählisi deň derejede peýdalanyp bilýärler. 

     Bilim hem-de sagdyn ýaşaýyş arkaly beýik geljegiň gurulýandygyny nygtap, milli bilim ulgamyny hem-de milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegi, kämilleşdirmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän türkmen halkynyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, taryhy tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Annabagt Maýewa, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty