The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şunda bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.
Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, bu ulgam eýeçiligiň döwlet we döwlete dahylsyz böleklerine, önümçilik pudaklaryna we ilata häzirki zaman bank hyzmatlarynyň berilmegini üpjün edýär. Şeýle hem bank ulgamy ykdysadyýetiň ösýän isleglerine laýyklykda, bank hyzmatynyň hilini kämilleşdirmäge, pul dolanyşygyny çaltlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga, netijeli pul-karz syýasatyny geçirmäge ýardam berýär. Karz edaralaryna sanly ulgamlaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen, çalt depginli ykdysady ösüş peýda bolýar. Milli bank ulgamyndaky durmuşa geçirilýän iri möçberli çäreleriň çäklerinde hususy telekeçilere we daýhan hojalyklara dürli görnüşli bank hyzmatlary hödürlenýär. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan innowasion özgertmeler bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň göwrümini giňeltmäge, innowasion bank önümleriniň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ulgama täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy hususy taraplara töleg-hasaplaşyk we beýleki hyzmatlary banka barmazdan, ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bank ulgamyny hasda kämilleşdirmek, milli töleg ulgamyny ösdürmek, onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek üçin töleg ulgamynyň döwrebap maglumat tehnologiýalarydyr kompýuter programmalary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetde gazanan üstünlikleriniň çäginde milli bank ulgamy sanly hyzmatlary giňeltmek bilen, ilatyň maliýe hyzmatlaryna elýeterliligini artdyrýar.
Baýram ÖWLÝÄGULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty