The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli babatlarda ýokary ösüşlere eýe bolýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolan ekologiýa babatda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Çünki ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň daşky gurşawy goramak babatdaky başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilip, möhüm ähmiýetli ekologiýa meselelerini çözmekde, daşkу gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr hem-de bütin adamzadyň geljegine gönükdirilendir. Munuň özi daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, azyk önümleriniň we howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň häzirki zaman şertlerinde derwaýys wezipeleriň hatarynda durýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda ýaş nesillerde daşky gurşawa aýawly garamagyň, tebigata bolan söýgini kemala getirmegiň wagyz-nesihat, guramaçylyk çäreleri asylly däbe öwrüldi. Munuň özi her bir adamyň tebigata aýawly çemeleşmegiň, ondan rejeli peýdalanmagyň ahlak we hukuk-borçlaryna bolan jogapkärçiligini pugtalandyrýar.
Adamyň daşky gurşawa aýawly çemeleşmeginiň ahlak borjuny onuň tebigata bolan çäksiz söýgüsi, ekologiýa medeniýetiniň kämillik derejesi kesgitleýär. Daşky gurşawy goramak borjy bolsa, adamyň tebigatda hereket etmeginiň mümkin bolan çäklerini we onda ýerine ýetirilmegi zerur bolan şertleriň kanunda kesgitlenmegidir. Tebigat bilen baglanyşykly kanunçylyk namalary tebigaty goramaga, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga we ekologik talaplary kesgitlemäge gönükdirilendir. Munuň özi bir-biri bilen özara baglanyşykly bolan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.
Kanunçylyk namalary döwlet edaralary, kärhanalar we raýatlar tarapyndan tebigatyň ýagdaýyna täsir edýän islendik hojalyk, dolandyryş, telekeçilik we gaýry işler amala aşyrylanda ekologiýa düzgün-tertibiniň üpjün edilmegini, ekologik talaplaryň berkidilmegini hukuk nukdaýnazardan ykrar edýär. Adamyň islendik hereketiniň daşky gurşawa täsirini ýetirýändigi nukdaýnazaryndan alanyňda, hojalyk we beýleki işler amala aşyrylanda, onuň ekologik seljermesiniň geçirilmegi, daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň bahalandyrylmagy häzirki wagtda halkara hukugynda we tejribesinde hökmany şertleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň abadan durmuşyny nazarlaýar.
Orazdurdy ABDYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.