The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri giňden seljerildi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy amala aşyrylýan giň göwrümli ykdysady özgertmeleriň döwletimiziň kuwwatyny has artdyrandygyny mälim edýär.
Güneşli Diýarymyz häzirki eşretli zamanamyzda tapgyrlaýyn maksatnamalar boýunça ösüşleriň ýoluna düşdi. Durnukly ykdysady ösüş, dünýä ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlyk, goşulyşmak arkaly ägirt uly taslamalary amala aşyrmak, dünýä ýurtlarynyň hatarynda öňdeligi eýelemek, ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze obalary, şäherleri gurmak we beýleki ugurlar boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş derejesini ylmy taýdan öwrenmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň geçen we häzirki döwürdäki derejesine ýokary baha berilýär. Bu bolsa geljekki ösüşlerimiziň hem mäkäm binýadynyň goýlandygyna güwä geçýär.
Ykdysadyýet ýaşaýyş-durmuş derejämiziň has öňe tarap gitmegine itergi beriji güýç hasaplanylýar. Kuwwatly ykdysadyýet islendik ýurtda durmuşyň we döwrüň esasy mazmunyny, bütin keşbini kesgitleýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine ser salanyňda, netijeli usullaryň oňyn miwelerini aýdyň görýärsiň. Amala aşyrylýan işler döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň has gowy ýaşamagyny üpjün edýär. Bu bolsa biziň her birimizde guwanç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ýokary ösüş depginlerine eýe bolýandygyna, ildeşlerimiziň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilýän syýasatyň işjeň durmuşa geçirilýändigine geçen ýarym ýylda gazanylan üstünlikler hem güwä geçýär.
Biziň welaýatymyzda hem, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, şäherleriň we obalaryň ilaty ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün edilýär. Ýyladyşhanalarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanylan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýulýar. Welaýatymyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümi hereket edýär. Il-ýurt bähbitli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly maýa serişdeleri bölünip berilýär. Oba hojalyk ekinleriniň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ýerleriň hususyýetçilere paýlanylyp ugramagy hem ykdysady ösüşlere giň ýol açdy. Ýurdumyz boýunça 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalmagy hem ykdysadyýetimizdäki özgertmeleriň miwesidir.
Senagat taýdan täze önümçilikleriň sany hem artýar. Welaýatymyzyň çäginde täze zawod-fabrikler gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Köýten sebitinde çig mal mümkinçilikleriniň baý goruny peýdalanmaga gönükdirilen işler ýaýbaňlandyrylýar. Sebitde kuwwaty ýylda 1 million tonna sement öndürmäge barabar bolan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrdakysy üstünlikli işleýär. «Buýan» obasenagat toplumynyň düzüminde işe girizilen buýan kökünden glisirrizin turşusuny öndürýän zawod hem şeýle ajaýyp işleriň biri boldy. Bu kärhanalaryň geçen ýarym ýylda gazanan netijeleri hem guwandyryjydyr. Keramiki-bezeg plitalaryny öndürmäge niýetlenilen hususy eýeçilikdäki kiçi zawodlaryň we beýleki ownukly-irili kiçi kärhanalaryň birnäçesi öz önümleri bilen ilaty begendirýär. Giňişleýin mejlisde hormatly Prezidentimiz geljekde hem milli ykdysadyýetimiziň senagat-innowasion ösüş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada wezipe goýdy. Önümçilige kämil tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginleri hem çaltlanýar, şonuň netijesinde milli harytlarymyzyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygy yzygiderli ýokarlanýar. Diňe bir azyk önümleri däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem eksportyň paýy ösýär. Dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit-gaz, dokma we beýleki harytlarymyza bolan isleg artýar. Geçen alty aýda ähli pudaklarda gazanylan ýokary netijeler ykdysadyýetimiziň pudaklaýyn düzüminiň geçen ýyllardakydan düýpli özgerendigini görkezýär. Bu bolsa döwlet býujetiniň girdejileriniň ýokary depginli ösüşlerini üpjün edýär.
Allaýar OMAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy