Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Filemon Ýang we Parlamentara Bileleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikailowa çykyş edip, ählumumy borçnamalary milli derejede durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän möhüm ornuny bellediler. Soňra forum öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Olar «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny döretmek hem-de pugtalandyrmak» we «Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärçilikli dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşiň şertleri» ady bilen geçirildi. Parlament forumynyň jemleýji mejlisinde esasy pikirler hem-de maslahatlar ulgamlaşdyryldy we Parlament Ýüzlenmesi tanyşdyryldy.
Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy