Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
07.08.2025

Hukuk binýadyny berkidip

 

     4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

 

     Türkmenista­nyň­ Mej­li­si­niň­ Baş­ly­gy,­ BMG­-niň ­Baş­ sekretary­nyň­ orun­ba­sa­ry, ­az de­re­je­de ­ösen,­ deň­ze­ çy­kal­ga­sy bolma­dyk ösüp­ bar­ýan­ döw­let­ler­ hem-­de­ ki­çi­ ada döw­let­ler boýun­ça ­Ýo­ka­ry ­we­ki­li, ­BMG-­niň Deň­ze ­çy­kal­ga­sy­ bol­ma­dyk ösüp ­bar­ýan döwlet­ler­ bo­ýun­ça­ üçün­ji­ mas­la­ha­ty­nyň Baş­ sekreta­ry­ Ra­bab­ Fa­ti­ma,­ BMG­-niň Baş ­As­samb­le­ýa­sy­nyň­ Başly­gy­ Fi­le­mon Ýang­ we ­Par­la­men­ta­ra­  Bi­le­le­şi­giň ­Ýe­ri­ne ýeti­ri­ji­ ko­mi­te­ti­niň­ wi­se­-pre­zi­den­ti­  Se­wil Mi­kai­lo­wa ­çy­kyş edip,­ äh­lu­mu­my ­borç­nama­la­ry ­mil­li­ de­re­je­de ­dur­mu­şa­ geçirmek­de  par­la­ment­le­riň ­ eýe­le­ýän­  mö­hüm­ or­nu­ny bel­le­di­ler.­ Soň­ra­ fo­rum­ öz­ işi­ni­ mowzuk­la­ýyn­ mej­lis­ler­de­ do­wam­ et­di.­ Olar­ «Deň­ze­ çykal­ga­sy ­bol­ma­dyk ­ösüp bar­ýan döw­let­le­riň­ ählisi­niň­ bähbitleri­ne­ la­ýyk gel­ýän­ köptarapla­ýyn­ söw­da­ ulgamy­ny döretmek­ hem­-de­ pugtalandyrmak»­  we­ «Parahatçyly­gy,­ ynanyş­ma­gy­ we­ jogapkär­çi­lik­li­ do­lan­dy­ry­şy­ pug­ta­lan­dyr­mak:­ deň­ze ­çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk­ ösüp ­bar­ýan döwlet­ler­de­ dur­nuk­ly­ ösü­şiň­ şert­le­ri»­ ady ­bi­len­ ge­çi­ril­di.­ Parlament­ fo­ru­my­nyň jemleý­ji­ mej­li­sin­de­ esa­sy pi­kir­ler ­hem-­de mas­la­hat­lar­ ulgamlaşdy­ryl­dy­ we­ Par­lament ­Ýüzlen­me­si­ tanyşdy­ryl­dy. 

 

Ne­pes­ RO­ZY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty, Mejlisiň­ Ylym,­ bi­lim, ­me­de­ni­ýet  we ­ ýaş­lar­  sy­ýa­sa­ty ­baradaky ko­mi­te­ti­niň ­ag­za­sy