​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
07.08.2025

AÝDYŇ ÝOLLAR SIZIŇKI!

 

     Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik  Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dür­li ugur­ly ösüş­le­ri­ne türk­men ýaş­la­ry­nyň aý­ra­tyn uly goşantlary bar. Döw­le­ti­miz, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we Gahryman Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zy dur­muş-ykdy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de hem-de onuň dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky öňde­ba­ry­jy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da türk­men ýaş­la­ry­na uly ynam bil­dir­ýär. Bu gün­ki ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­ler ber­ka­rar döwle­ti­mi­ziň da­ýan­jy, sars­maz sü­tü­ni, röw­şen gel­je­gi­mi­ziň bina­gär­le­ri­dir­ler. Şu jä­het­den-de, Ar­ka­dag­ly  Gah­ry­man  Serdary­myz bag­ty­ýar gel­je­giň eýe­le­ri bo­lan ýaş ne­sil­ler baradaky ala­da­ny my­da­ma üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. 2025-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa gir­mek üçin da­laş­gär­le­riň res­mi­na­ma tab­şy­ryş iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­me­gi, şeý­le hem sy­nag­la­ryň oku­wa gir­mek üçin res­mi­na­ma tab­şy­ran da­laş­gär­ler bi­len gi­riş sy­nag­la­ry­ny gura­ma­gyň we ge­çir­me­giň Ter­ti­bi esa­syn­da ýo­ka­ry guramaçylyk esa­syn­da do­wam ed­ýän­di­gi-de döw­let Baştutanymy­zyň ýaş­lar hak­da­ky ta­gal­la­la­ryn­dan ba­dal­ga al­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iýul aýyn­da ge­çi­ren gi­ňiş­le­ýin Hö­kü­met mej­li­sin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne zehin­li, my­na­syp ýaş­la­ry ka­bul et­mek, gi­riş sy­nag­la­ry­ny gurama­çy­lyk­ly  we  ada­lat­ly ge­çir­mek,  jem­gy­ýet­çi­lik gözegçiligi­ni ýo­la goý­mak ha­kyn­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şol mej­lis­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oku­wa gir­mä­ge isleg bil­dir­ýän ýaş­la­ra uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­me­gi ylym-bi­lim dün­ýä­si­ne ýol tu­tu­nan ýaş­la­ry­my­zyň gö­wün­le­ri­ne ga­nat ber­di.

      Türk­men hal­ky owal­dan ahy­ra ylym-bi­li­mi, akyl ha­zy­na­sy bo­lan ki­ta­by sö­ýüp-sar­pa­la­ýan halk. Pe­der­le­ri­mi­ziň «Bir akan ýe­rin­den akar­myş aryk» diý­şi ýa­ly, mil­le­tiň emer-da­ma­ry­na siňen ylym-bi­li­me teş­ne­li­gi türk­men ýaş­la­ry­nyň ýi­ti ze­hi­nin­de hem şöh­le­len­ýär. Mu­ny ola­ryň dür­li ders­ler, ugurlar, tej­ri­be­lik we in­tel­lek­tu­al ba­şar­jaň­lyk bo­ýun­ça ýur­du­myz­da we dün­ýä­de ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­rin­de hem görýäris. Hal­ka­ra para­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ta­lyp­ly­ga dalaşgär­le­ri­niň ara­syn­da şeý­le ze­hin­li, döw­let we hal­ka­ra derejedä­ki bäs­le­şik­ler­de, ýa­ryş­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan ýaş­la­ryň ençe­me­si bar. Biz ola­ra we şo­la­ryň ha­ta­ry­na deň­leş­mä­ge yh­las edýän äh­li ýaş­la­ry­my­za tüýs ýü­rek­den gu­wan­ýa­rys. Şeý­le hem ýü­rek­le­ri  ylym  öw­ren­mä­ge, gö­wün  sö­ýen  hü­när­le­ri­ni ele alma­ga atyg­sa­ýan ýaş ýi­git­le­riň we gyz­la­ryň aý­dyň maksatlarynyň  wy­sal bol­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­rys. Arzuwlaryň ha­syl bol­ýan ýur­dy-gü­neş­li Türk­me­nis­tan Watanymyz­da mu­nuň üçin äh­li ze­rur şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler bar. 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň ylym-bi­lim­de kä­mil­le­şip, döw­re­bap hü­när­le­ri, san­ly teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da­ky tä­ze ösüş­le­ri er­jel ele al­mak­la­ry il-ýur­du­my­zy be­ýik we dur­nuk­ly ösüş­le­re ýe­tirmek­dä­ki mö­hüm şert­le­riň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, ýurdu­myz­da äh­li pu­dak­la­ryň işi­ni san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek, san­ly hyz­mat­la­ry dur­mu­şa or­naş­dyr­mak we beý­le­ki en­çe­me ugur­ly häzir­ki za­man teh­no­lo­gik öz­gert­me­ler ýaş­la­ryň ylym-bilimliligine, hü­när ba­şar­jaň­ly­gy­na, äh­li ugur­ly kä­mil­lik derejesi­ne bil­di­ril­ýän uly ynam bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Biz hem bu gü­nüň da­laş­gär­le­ri bo­lan, er­ti­riň ta­lyp­la­ry bol­jak eziz ýaş­la­ry­my­za be­ýik ynam­dan göz­baş al­ýan aý­dyň ýol­la­ryň öň ha­ta­ryn­da bol­ma­gy ar­zuw ed­ýä­ris. Goý, gel­je­gi­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan türk­men ýaş­la­ry­nyň be­lent mak­satla­ry­nyň ha­syl bol­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Arkadagymy­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri mydama ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni