Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dürli ugurly ösüşlerine türkmen ýaşlarynyň aýratyn uly goşantlary bar. Döwletimiz, döwlet Baştutanymyz we Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de onuň dünýä döwletleriniň arasyndaky öňdebaryjylygyny pugtalandyrmakda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Bu günki ösüp gelýän ýaş nesiller berkarar döwletimiziň daýanjy, sarsmaz sütüni, röwşen geljegimiziň binagärleridirler. Şu jähetden-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bagtyýar geljegiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany mydama üns merkezinde saklaýar. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin dalaşgärleriň resminama tabşyryş işleriniň talabalaýyk geçirilmegi, şeýle hem synaglaryň okuwa girmek üçin resminama tabşyran dalaşgärler bilen giriş synaglaryny guramagyň we geçirmegiň Tertibi esasynda ýokary guramaçylyk esasynda dowam edýändigi-de döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar hakdaky tagallalaryndan badalga alýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz iýul aýynda geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak hakynda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiz okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etmegi ylym-bilim dünýäsine ýol tutunan ýaşlarymyzyň göwünlerine ganat berdi.
Türkmen halky owaldan ahyra ylym-bilimi, akyl hazynasy bolan kitaby söýüp-sarpalaýan halk. Pederlerimiziň «Bir akan ýerinden akarmyş aryk» diýşi ýaly, milletiň emer-damaryna siňen ylym-bilime teşneligi türkmen ýaşlarynyň ýiti zehininde hem şöhlelenýär. Muny olaryň dürli dersler, ugurlar, tejribelik we intellektual başarjaňlyk boýunça ýurdumyzda we dünýäde geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerinde hem görýäris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň talyplyga dalaşgärleriniň arasynda şeýle zehinli, döwlet we halkara derejedäki bäsleşiklerde, ýaryşlarda ýeňiş gazanan ýaşlaryň ençemesi bar. Biz olara we şolaryň hataryna deňleşmäge yhlas edýän ähli ýaşlarymyza tüýs ýürekden guwanýarys. Şeýle hem ýürekleri ylym öwrenmäge, göwün söýen hünärlerini ele almaga atygsaýan ýaş ýigitleriň we gyzlaryň aýdyň maksatlarynyň wysal boljakdygyna berk ynanýarys. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy-güneşli Türkmenistan Watanymyzda munuň üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler bar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilimde kämilleşip, döwrebap hünärleri, sanly tehnologiýa ulgamyndaky täze ösüşleri erjel ele almaklary il-ýurdumyzy beýik we durnukly ösüşlere ýetirmekdäki möhüm şertleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda ähli pudaklaryň işini sanly ulgama geçirmek, sanly hyzmatlary durmuşa ornaşdyrmak we beýleki ençeme ugurly häzirki zaman tehnologik özgertmeler ýaşlaryň ylym-bilimliligine, hünär başarjaňlygyna, ähli ugurly kämillik derejesine bildirilýän uly ynam bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biz hem bu günüň dalaşgärleri bolan, ertiriň talyplary boljak eziz ýaşlarymyza beýik ynamdan gözbaş alýan aýdyň ýollaryň öň hatarynda bolmagy arzuw edýäris. Goý, geljegimiziň eýeleri bolan türkmen ýaşlarynyň belent maksatlarynyň hasyl bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan giň möçberli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni