The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär». Bu hakykata ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalara, gazanylýan üstünliklere, ýetilýän sepgitlere nazar aýlanymyzda guwanç bilen göz ýetirýäris. Aýratyn buýsandyrýan zatlaryň biri-de Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraýynyň, şan-şöhratynyň barha belende göterilýändigidir, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapýandygydyr.
Häzirki günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli dowam edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň özboluşly dabaralanmasy bolup durýar. Halkara maslahatyň çägindäki ugurdaş çäreleriň hem guramaçylykly geçmegi, olara dünýäniň ençeme ýurdundan, abraýly halkara guramalaryndan köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagy diýseň begendirýär.
Halkara forumyň örän ýokary derejede geçmeginde hormatly Prezidentimiziň we GahrymanArkadagymyzyň taýsyz tagallalary bardyr. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekip, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şonuň bilen baglylykda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjek bu halkara foruma taýýarlyk işleri has işjeň häsiýete eýe boldy. 13-nji iýulda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan Guramaçylyk döwlet toparynyň maslahaty geçirilip, bu forumy we onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Galyberse-de hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparlaryny amala aşyryp, halkara foruma taýýarlyk işleri bilen tanyşdylar, degişli tabşyryklary berdiler. Bu bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna ykjam taýýarlykly gelmäge we ony ýokary guramaçylykly geçirmäge şert döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji umumy mejlisindäki, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu forum mynasybetli geçirilen dabaradaky çuň manyly çykyşy uly täsirleri döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşynda: «Parahatçylyk, ynanyşmak, Bitaraplyk düşünjeleri biziň üçin özara aýrylmaz bagly bolup, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň manysyny we düýp mazmunyny düzýär. Olar biziň halkara giňişlikdäki hereketlerimizi hem-de başlangyçlarymyzy kesgitleýär» diýip belledi, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetine ünsi çekdi hem-de Awazadaky forumyň ähmiýeti barada aýtdy.
Häzirki günler Hazaryň türkmen kenary dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Onda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meseleleri, olary çözmegiň ýollary barada garaýyşlar beýan edilýär. Awazadaky halkara maslahatyň çäklerinde guralýan medeni-ynsanperwer çäreler, şol sanda dünýä ýurtlarynyň Milli günleriniň hormatyna guralýan dostluk konserti, milli tagamlaryň festiwaly hem uly gyzyklanma eýedir. Şeýle giň göwrümli çäreler Awazanyň dost-doganlygyň mekanydygy hakdaky hakykaty nobatdaky gezek dabaralandyrýar, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýär. Muňa her birimiz buýsanýarys hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.
Resul IŞANGULYÝEW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty