The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.08.2025

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sazlaşygy

 

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen güneşli Diýarymyzda halkyň  saglygynyň goraglylygyny dowamly üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilip başlan gününden bäri geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda belent sepgitlere ýetildi. 

 

     Maksatnama ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna hem-de lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly badalga berdi. Geçen döwürde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgeleri babatda sowatlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almak, näsaglygy wagtynda ýüze çykarmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler keselleýjiligiň azalmagyna hem-de ynsan ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagyna getirdi. Ýurdumyzda täze doglan bäbeklerden başlap, gartaşan adamlara çenli ähli raýatlar üznüksiz lukmançylyk gözegçiligi bilen gurşalýar.

     Raýatlaryň saglygyny goramak, iýmit önümleriniňdir agyz suwunyň hiline, daşky gurşawyň howpsuzlygyna gözegçilik etmek, ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri ylmy taýdan öwrenip, anyklamagyň, bejermegiň täze, häzirkizaman usullaryny işläp taýýarlamak milli lukmançylygyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu babatda alnyp barylýan işler saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýändigine, ynsan saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle öňegidişlikleriň hatarynda saglygy goraýşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, ulgamyň dolandyrylyşynyň, guramaçylyk düzüminiň we lukmanlaryň hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilýändigi, saglygy goraýyş edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilýändigi örän buýsandyryjydyr. Halkymyzyň elýeterli we ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilýändigi, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylýandygy, raýatlaryň meýletin Döwlet saglyk ätiýaçlandyrmasynyň girizilip, keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygy hem bellenilmäge mynasypdyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan bu düýpli özgerişlikler dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi. Geçen döwürde ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň etraplarynda hem iň häzirkizaman keselleri anyklaýyş we bejeriş enjamlary ornaşdyrylan hassahanalaryň işe girizilmegi, saglyk öýleriniň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, şypahanalaryň durkunyň düýpli täzelenilmegi ulgamyň işiniň kämilleşmegine, saglygy goraýyş işgärleriniň ukyp-başarnyklarynyň artmagyna uly itergi berdi. Şeýle giň möçberli işleriň ählisiniň özeninde jemgyýetimiziň hem döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adam hakyndaky aladalar durýar. Tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejede bolmagy, ilatyň arassa agyz suwy we iýmit önümleri bilen üpjün edilmegi, daşky gurşawyň, howanyň arassalygyny saklamak ugrundaky tagallalar, umuman, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi ilatyň ömür dowamlylygynyň artyp, uzak ýaşlylaryň sanynyň has-da köpelmegine ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek babatda alyp barýan syýasaty hem hut şu maksatlara ýetmäge, Türkmenistany uzak ýaşaýan hem bagtyýar adamlaryň mekanyna öwürmäge gönükdirilendir.

 

Gadam HEMRAÝEW, welaýat  saglygy  goraýyş  müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.