The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri häzirki zaman şöhratly taryhymyzyň altyn sahypasy bolup, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň berk binýadyny esaslandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýlaryna taýýarlyk görülýän günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda uly üstünlikler bilen geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty döwlet berkararlygymyzyň ýeten belent derejesini ýene bir ýola bütin dünýä äşgär etdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhaslylyk we öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň halkara derejede giňden ykrar edilýändigini görkezdi.
Awaza forumy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde doly beýan edildi we onuň bilen bagly wakalar taryh sahypalaryna ýazyldy. Maslahata gatnaşan myhmanlaryň we öz ýurdumyzyň wekilleriniň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyran ol wakalar baradaky gürrüňler entekler dowam eder. Bu wekilçilikli maslahat hakynda ilkinji nobatda bellemeli zat, ol hem döwletimiziň halkara derejedäki çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmekde baý tejribe toplandygydyr. Maslahatyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabarada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň bu halkara guramada 20 ýyla golaý dürli wezipelerde işlän döwründe Türkmenistanyň Hökümeti bilen işjeň işleşendigini, guramanyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary hökmünde ýurdumyza amala aşyran ilkinji saparynda döwletimizde raýatsyzlyk bilen baglanyşykly meseläniň netijeli çözülendigini hoşallyk bilen ýatlamagy garaşsyz ösüşiň berk syýasy-hukuk binýadynyň kemala gelendiginiň anyk mysaly boldy. BMG-niň Baş sekretary Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň bu döwletler we dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy wakadygyny hem buýsanç bilen belledi.
Awaza forumynyň maksatnamasy, esasan, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmak, bu ýurtlaryň ykdysady bähbitleriniň deňhukukly goraglylygyny üpjün etmek, halkara üstaşyr söwda-ykdysady ýollardan amatly ýagdaýda peýdalanyp bilmekleri üçin çözgütleri kabul etmek ýaly möhüm wezipelerden ybarat boldy. Maslahatyň birinji plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň: «Biziň şu maslahatymyzda seredilýän meseläniň ählumumy ähmiýeti bardyr. Ol halkara işiň esasy ölçeglerini, ýagny ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa we beýleki ugurlary öz içine alýar. Ilkinji nobatda, ynsanperwer meseleleriň möhümdigini bellemek isleýärin. Türkmenistanyň döwlet syýasaty adama, onuň isleglerine we zerurlyklaryna gönükdirilendir. Bu syýasat şahsyýetiň mümkinçiliklerini, döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakdan, ruhy we beden saglygyny üpjün etmekden, kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakdan ybaratdyr» diýip bellemegi hyzmatdaşlyk we ösüş bilen bagly möhüm ýagdaýa düýpli düşünmäge ýardam berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan gatnaşmagynda alnyp barlan taýýarlyk işlerinde, düzülen maksatnamalaryň mazmunynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan ýörelgeleriniň halkara ähmiýeti bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň we foruma gatnaşan ähli wekilleriň Awazada ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň, olar barada kabul edilen çözgütleriň taryhy ähmiýetine, zerurlygyna pugta ynam bilen garamaklary, geljekde bu işleri amala aşyrmaga goşant goşmaklary üçin örän uly syýasy, jemgyýetçilik we ruhy daýanç bolup hyzmat etdi. Halkara tagallalary birleşdirip, dost-doganlyga, ynanyşmaga, parahatçylykly gatnaşyklara daýanyp, dünýäde ýüze çykýan islendik çylşyrymly meseleleriň çözgüdini tapmagyň mümkindigine ynam döretdi. Her bir halkyň dünýä ösüşinde öz taryhy, medeniýeti, däp-dessury, durmuş ýörelgeleri bilen mynasyp orun eýeleýändigi, röwşen geljegi diňe bilelikde, umumy tagallalar bilen gurup bolýandygy baradaky düşünje forumyň ähli çäreleriniň esasyny düzdi.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen forumlary, duşuşyklary, çäreleri, sergileri çuňňur seljerip görenimizde, berkarar türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň dünýäniň ösüş hereketinde täsirli orna eýe bolandygyna göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyz bu hakdaky paýhasly pikirlerini şeýle beýan etdi: «Biziň kalbymyz we maksatlarymyz dünýä üçin açykdyr. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy mazmunydyr. Türkmen halkynyň asylly häsiýetleri, beýleki halklara goýýan sylag-hormaty, ýardam bermäge, raýdaşlyk bildirmäge hemişe taýýardygy biziň halkara giňişlikde alyp barýan işimizde öz beýanyny tapýar. Munuň özi ýöne bir tejribe bolman, eýsem, Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň filosofiýasydyr». Bu bolsa adamzat taryhynda hemişe öňe sürlen, durmuşda ýaşaýşyň esasy we ygtybarly ýoly hökmünde kabul edilen ynsanperwer ideýalaryň täze döwür üçin gymmatly ruhy-aňyýet binýady bolup durýandygyna güwä geçýän, syýasy, durmuş, jemgyýetçilik paýhasynyň wajyplygyny aňladýan düýpli pikirdir.
BMG-niň ýokary wekilçilikli maslahatyna 600 milliona golaý ilaty bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletden gelen wekilleriň, umuman alnanda bolsa, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleriniň, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagy forumyň ählumumy ösüşe dahylly örän uly çäredigine şaýatlyk etdi. Oňa gatnaşan ýurtlaryň ähli yklymdan bolmagy Awaza forumynyň dünýä ösüşiniň köp meselelerini öz içine alýandygyny görkezdi.
4-nji awgustda geçirilen Parlament forumynda parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, olaryň kanun çykaryjylyk işlerinde we beýleki hukuk çärelerinde onýyllyk maksatnamanyň esasy ugurlaryna üns bermek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de degerli teklipler öňe sürüldi. Raýat jemgyýetiniň we Ýaşlar forumlarynyň çäklerinde hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy has giňeltmek barada «Adamlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan düzümleýin özgertmeler we ekologiýa durnuklylygy», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» ýaly wajyp mowzuklar boýunça pikir alşyldy, bular babatda derwaýys çözgütler we resminamalar kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk hökmünde geçirilen çäre hem möhüm wakalaryň biri boldy. Häzirki döwürde sebitimiziň ählumumy ösüş hereketinde we halkara gatnaşyklarda täsirli ornunyň yzygiderli ýokarlanýandygyny göz öňünde tutanyňda, hyzmatdaş, goňşy dostlukly ýurtlaryň Baştutanlarynyň öz halklarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, sebiti abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň zolagyna öwürmek barada pikir alyşmagyna mümkinçiligiň döremegi hoşniýetliligiň alamatydyr. Bu duşuşykda Milli Liderimiziň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeniň gowşurmagy bolsa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dost-doganlyk ruhunda alnyp barylýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Halkara derejeli maslahatyň plenar mejlisleriniň üç gün dowam etmegi garalýan meseleler boýunça düýpli pikirleriň, anyk teklipleriň, möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmegine, olar hakda netijeli resminamalaryň we çözgütleriň kabul edilmegine oňyn şert döretdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň forumyň ýapylyşynda: «Awazanyň ady sagdynlyk, ýakymly owaz astynda dynç alyş hem-de syýahatçylyk bilen sazlaşýar. Mundan beýläk bu täsin künjegiň owadan owazly ady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-si üçin umyt-arzuwy hem-de giň mümkinçilikleri alamatlandyrar» diýip bellemegi giň gerimde geçirilen bu halkara çäräni guramakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp baran işlerine berlen ýokary baha boldy. BMG-niň ýokary wezipeli wekili Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bildirilen myhmansöýerlik hem-de halkara hyzmatdaşlyk üçin taryhy ähmiýete eýe bolan maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Awaza forumynyň çäklerinde geçirilen birnäçe ugurdaş çäreler, şol sanda «Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry» atly duşuşyk, Bütindünýä Söwda Guramasynyň maslahatlaşmasy, Zenan ýolbaşçylaryň forumy, «Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler» atly çäre, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri deňiz bilen baglamakda BMG-niň standartlaryny ulanýan sanly geçelgeler» atly çäre Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň geljekki on ýylyň dowamynda amala aşyrylmaly wezipelerini durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny kesgitlemäge ýardam berdi. Bu wezipeler wekilçilikli maslahatyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasynda beýan edildi. Jarnamada foruma gatnaşyjylaryň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmek babatda toplumlaýyn çäreleriň gaýragoýulmasyz ýagdaýda kabul edilmegine berk ygrarlydygy beýan edilýär.
Hereketleriň Awaza maksatnamasynda kesgitlenen we Awaza syýasy Jarnamasynda beýan edilýän wezipeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Hökümetiniň, ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik düzümleriniň öňünde-de jogapkärli hem-de möhüm işler durýar. Bu işlere üstünlikli hötde gelmek eziz Watanymyzyň halkara abraýy üçin-de, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini mundan beýläk-de güýçlendirmek üçinde ähmiýetli wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, adamzadyň abadan ösüşiniň hatyrasyna Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ata SERDAROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.