The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Dünýä syýahatçylygynyň merjeni hasaplanylýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we oňa ugurdaş beýleki çäreleriň üstünlikli geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalarynyň biri boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geçirilen bu uly forum Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny öňküdenem belende göterdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle umumadamzat bähbitli çäräniň biziň ýurdumyzda guralmagy ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk taglymatynyň, döwletimiziň parahatçylyk, ynanyşmak, abadançylyk we hyzmatdaşlyk babatdaky ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini görkezdi. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her on ýyldan bir gezek geçirilýän halkara forumda eden taryhy çykyşynda: «Parahatçylyk, ynanyşmak, Bitaraplyk düşünjeleri biziň üçin özara aýrylmaz bagly bolup, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň manysyny we düýp mazmunyny düzýär» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasy, Awaza syýasy Jarnamasy, şeýle-de beýleki çözgütler ýurtlaryň has-da ýakynlaşmagynda, durnukly ösüşe ýetmeginde möhüm ähmiýetli bolar. Öz işini Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlan halkara forumyň dünýä taryhyna altyn harplarda ýazyljakdygyny ynam bilen aýtsa bolar.
Amangeldi HEZZIÝEW, Lebap welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty