The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

19.08.2025

ÝAŞLAR — GELJEGIŇ YGTYBARLY BINÝADY

 

     Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä ýaň salan möhüm wakalaryň biri boldy. 

     Halkara  maslahatyň  çäklerinde Ýaşlar forumy hem geçirildi. Ýaş türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin amatly şertleri döretmek, olaryň intellektual, döredijilik, ruhy kuwwatyny jemgyýetiň we döwletiň bähbidine gönükdirmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. 

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda, jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär hem-de olaryň gazanan uly üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri barada giňden beýan edilýär. Awazadaky Ýaşlar forumynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň  parasatly  baştutanlygynda  ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. 

     «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023 — 2030-njy ýyl­lar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyz ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Bu ugurda amala aşyrylýan anyk işleriň mysaly hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen «Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny» görkezmek bolar. Awazadaky forumda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar Jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde çözgütleri kabul etmek işine ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

     Ýaşlar jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar we olaryň çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagy durnukly ösüşi üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu forum nesilleriň arasynda dialog bolup hyzmat etdi. Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçiliklerine däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraplaýyn taýýarlykly hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine hem bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Şunda ýaşlaryň başlangyçlary möhüm orny eýeleýär. Bu forum ýaşlar bilen dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlyk üçin platformany döretmekde möhüm ädim boldy.

 

Ýeňiş MOLLABERDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty