The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Abadan, asuda, berkarar Watanymyzda gazanylýan ösüşözgerişler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde hasyl bolýar. Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy taryhy wakalara beslendi.
Hazar deňziniň şypaly kenary, gözel keşbi her bir ynsanyň köňlünde buýsanç döredýär. Şonuň üçin hem bu ýerde, ajaýyp künjekde dynç alýan ildeşlerimiziň sany barha artýar. Ýakynda şeýle ajaýyp mekan şanly wakalar bilen köpleriň ünsüni özüne çekdi.
Şu ýylyň awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmegi Watanymyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde giňden goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkitdi. Bu çäreler ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.
Goý, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, il-halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Merdan ORAZMEREDOW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.