The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ählumumy başlangyçlarynyň täze sepgitleri taryhyň altyn sahypasyna ýazylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we ugurdaş çäreler guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirildi. Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekili geldi.
Maslahatda hormatly Prezidentimiz forumyň münberinden «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürdi. Bu taryhy başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara lukmançylyk diplomatiýasynyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmagy ileri tutýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň çykyşynda türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup çykyş edýän energetika, ulag we suw ekologiýa diplomatiýasy boýunça başlangyçlar eriş-argaç bolup geçýär. Geçen ýyl Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşini — Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmegi teklip etdi. Türkmenistan hemişe suwa deň we adalatly elýeterliligiň halklaryň hem-de her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydygy hakda berk we üýtgewsiz çykyş edýär.
2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek başlangyjy hem öňe sürüldi. Bu başlangyçlar ýurdumyzyň ulag, energetika we suw-ekologiýa diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň geriminiň giňeýändigini, çuňlaşýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Häzirki wagtda parahatçylygy hem-de durnuklylygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, halklaryň, ähli sagdyn, netijeli güýçleriň gatnaşyk etmäge, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga ymtylmalaryny goldamak üçin diplomatiýanyň, şol sanda halk diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak möhümdir» diýip, maslahatyň çäklerinde guralýan köpugurly çäreleriň ähmiýetini belläp geçdi. Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, raýat jemgyýetiniň we hususy pudagyň forumlary, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, şeýle hem parlament we ýaşlar forumlary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag we energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, sebit integrasiýasy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mowzuklaýyn «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri geçirilen pikir alyşmalaryň işjeň häsiýetini görkezdi.
Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli, sebit, ählumumy derejede yzygiderli durmuşa geçirmek möhüm wezipe bolup çykyş edýär. Maksatnamany amala aşyrmagyň dowamynda hemişelik gözegçilik etmäge, utgaşdyrmaga we hasabatlylygy ýöretmäge ukyply milli utgaşdyryjylaryň toruny berkitmek üstünligiň möhüm şerti hökmünde bellenildi. 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edilýär.
Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklamak bilen, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli we ählumumy derejede durmuşa geçirilmegine badalga boldy.
Metbugat neşirlerinde aýdyň beýan edilişi ýaly, ýurdumyzda geçirilen maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler, öňe sürlen başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý mejlisiniň gün tertibinde hem öz beýanyny tapar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän şanly ýylda şeýle ýokary derejeli maslahatyň çäginde täze başlangyçlary öňe sürmek bilen, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göteren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.