The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi belent maksatlara gönükdirilen başlangyçlary, uzak geljege niýetlenen maksatlary bilen döwletimiziň şöhratly taryhyna täze sahypa bolup ýazyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ata-babalarymyzyň däp-dessurynyň berjaý edilmesi we şol bir wagtda mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň özboluşly badalgasy boldy. Gahryman Arkadagymyz beýik maksatlara gönükdirilen çykyşynyň başynda: «Bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, maslahatyň işiniň netijelerine aýratyn ähmiýet berdi.
Taryhy forumda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz türkmeniň agzybirligini arzuw edip, döredijiligine siňdiren Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp dabaralandyrmagyň möhümdigini tekrarlady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň döwlet ähmiýetli möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşmakda, eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi örän möhüm waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň bähbidi - halkymyzyň bähbidi diýen bir maksadyň daşyna jemleýän başlangyjyna eýerýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty we onuň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi eýýäm birnäçe işleri amal etdi.
Ähli ugurlarda gazanylýan ýokary görkezijiler döwletimizde her bir işiň maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýandygyndan habar berýär. Uzak geljege gönükdirilen maksatnamalaryň öz wagtynda, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Sebitlerde döwrebap obalaryň, şäherçeleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Munuň şeýledigini Arkadag şäheriniň mysalynda hem görmek bolýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar. Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy, iş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, täze şäherdir obalar gurulýar» diýip belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň kabul edilmegi tüýs ýerine düşen çözgüt boldy. Gysga wagtlyk arakesmede Maslahatyň mejlisinde ýaşulularymyz we enelerimiz tarapyndan ähli halkymyzyň göwün isleglerini özünde jemleýän teklip, ýagny hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ady dakmak baradaky teklip Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan goldanyldy. Munuň özi ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik ýoluny, döwletli ýörelgesini döredijilikli, tutanýerli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşyny diňlänimizde döwletimiziň geljeginiň ygtybarly gollardadygyna bolan ynamymyz has-da artdy.
Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli ýaşlary ýetişdirmek, olaryň döredijilik, oýlap tapyş başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda açylyp, ulanylmaga berilýän bilim we ylym maksatly binalar dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylýar. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: «Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak möhüm bolup durýar ýa-da ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamagy zerur hasap edýärin» diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim derejede durnukly saklanýandygyny, şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýmagyň gözöňünde tutulandygyny, bellenilen 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýerleriniň döredilendigini belledi. San görkezijilerinden görşümiz ýaly, kuwwatly döwletimiziň has-da ösýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýene-de 10 göterim ýokarlandyryljakdygy barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç döretdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy maslahatyň mejlisinde eden çykyşynda döwletimiziň daşary we içeri syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, hususy pudagy ösdürmek, täze kärhanalary döretmek, ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemek we bu ugurlarda geljekde öňde durýan wezipeleri giňişleýin beýan etdi.
Sebitde ilkinji «akylly» şäher, «ýaşlaryň şäheri» diýlip atlandyrylan Arkadag şäheri we onuň geljegi barada hormatly Prezidentimiz: «Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys. Sanlyja ýyllarda biz döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş-medeni binalary, ösen innowasion tehnologiýaly pudaklary öz içine alýan «Aşgabat sitini» we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny hem gurarys» diýip, buýsanç bilen belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşynda: «Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şoňa göräde, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi, Hökümeti we biziň ählimiz yhlasly işlemelidiris» diýen sözleri ählimizi beýik Watanyň mynasyp raýaty bolup, raýatlyk borjumyzy yhlasly ýerine ýetirmäge çagyryş boldy. Türkmen döwletini beýgeldýän, türkmen halkynyň beýikligini dünýä ýaýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn!
Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet
we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy