The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

23.08.2025

ÖSÜŞ-ÖZGERIŞLERE UZAÝAN ÝOL

 

     Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­niň sy­ýa­sy giňişligindä­ki ab­ra­ýy­ny tä­ze be­lent­lik­le­re gö­ter­ýän ta­ry­hy wakala­ra bes­len­ýär. 4 – 8-nji aw­gust ara­ly­gyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasynyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­letler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty hem mu­nuň aýdyň su­but­na­ma­sy bol­dy

 

     Milletler Bileleşigi tarapyndan her on ýyldan bir gezek guralýan halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlaryň, iri kompaniýalaryň 20-den gowragyndan wekilleriň gatnaşmagy onuň umumadamzat ähmiýetlidigini, Ýer ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolandygyny görkezýär. 

     Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň durnukly ösüşini, şol ýurtlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyny üpjün etmegiň ygtybarly binýady bolup durýan Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň tassyklanylmagy halkara forumyň esasy netijeleri boldy. 2024 – 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere ählumumy ösüşe doly derejede gatnaşmaga, röwşen geljege sary öňe gitmäge şert döredýän täze meýilnamalary işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigini ynam bilen aýtsa bolar. 

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýratyn işjeňlik görkezýändigi halkara derejede ykrar edilen hakykatdyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara forum muny ýene bir ýola dünýä aýan etdi. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini nobatdaky gezek subut eden halkara maslahat ýurdumyzyň tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge işjeň gatnaşýandygynyň hem aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz şeýle belledi: «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz diňe bir şygar däldir. Ol Türkmenistanyň içeri syýasatynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli ugruny kesgitleýän, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we halkara işiniň esasydyr. Sebäbi adamlaryň durmuşynyň ýokary standartlaryny hem-de ýaşaýşynyň hilini üpjün etmek Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň esasydyr». Elbetde, ýurdumyzyň bu ynsanperwer syýasatynyň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilýändigi türkmenistanly hökmünde her birimiziň kalbymyzy çäksiz buýsanja besleýär. 

 

Perman SAPAROW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş syýasa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni