The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

26.08.2025

HALK MASLAHATY — HALKYŇ BÄHBIDINE

 

     Mer­da­na türk­men hal­ky özü­niň kö­pasyr­lyk ta­ry­hyn­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny we ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­di. Ata-babalarymyz il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar bi­len geňeş-mas­la­hat­la­ry geçirip, ýurt äh­mi­ýet­li wa­jyp me­se­le­le­ri ara alyp maslahatlaşypdyr­lar. Häzirki döwürde-de ila­tyň äh­li gatlaklarynyň mö­hüm jem­gy­ýet­çilik-sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne gat­naş­ma­gy üp­jün edil­ýär, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­ri­lip, döw­let äh­mi­ýet­li ka­rar­lar, çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär. 

 

     Türk­men halky özboluşly milli demokratik jemgyýeti döretmegi başarypdyr. Türkmen jemgyýetinde maslahatlardyr ge­ňeşleriň ýurdy dolandyrmagyň wajyp guraly bolup hyzmat edendigini ata-babalarymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesinde sünnäläp, dilden-dile geçirip bize miras goýan «Ge­ňeşsiz iş bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes!», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ge­ňeşli ýerde kemlik ýok, ge­ňeşsiz ýerde — deň­lik» ýaly dana pähimleri hem tassyklaýar. 

     Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän döwletlilik, ynsanperwerlik, milli däplere hormat goýmak ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk döwletimiziň milli kanunçylygy bilen berkidilýär. Kanunçylyk namalarymyzda milli ýörelgeler bilen halkara hukuk kadalarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy netijesinde, halk häkimiýetliliginiň özboluşly nusgasy kemala geldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen kadanyň berkidilendigini, demokratik başlangyçlaryň ösen derejesini, halkyň pikirine hormat goýulýandygyny şu günlerde şaýady bolýan wakalarymyz ähli aýdyň­lygy bilen subut edýär. 

     Täze taryhy döwürde, Watanymyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda öň­de durýan wezipeleri durmuşa geçirýän edaralary kämilleşdirmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halk häkimiýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Döwletimizde jemgyýetiň ykbalyna täsirini ýetirýän çözgütler kabul edilende halkyň pikiri hasaba alnyp, köpçüligiň bähbitlerini göz öňünde tutmak halk häkimiýetliliginiň ýörelgesi bolup durýar. Şeýle çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşýanlaryň deň hukuklara eýe bolmagy bolsa gelnen kararlaryň adalatlylygyna, geljekde olaryň doly we dogry ýerine ýetirilmegine täsir edýär. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu ugra gönükdirilen işleriň kämil kanuny esaslaryny düzýän «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hereket etmegi halk bilen bilelikde döwletli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi bellenen nobatdaky ählihalk forumy hem Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bähbitleri üçin möhüm çözgütler kabul ediljek taryhy wakalaryň biri bolar. 

     Adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, jemgyýetçilik pikirini nazara almak, demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk ýaly ýörelgelere esaslanýan, ýurdumyzyň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň, hukuk goraýjy edaralary­ň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özü­ňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekillerini düzüminde birleşdirýän, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri möhüm ähmiýete eýedir. Jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen ýerine ýetirilmeli wezipeleriň hatarynda jemgyýetimizi yzygiderli ösdürmek üçin degişli işleri geçirmegi, raýatyň, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş etmek, teklipleri taýýarlamak barada Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklary döwletimizde wajyp ähmiýete eýe bolan bu ýokary wekilçilikli edaranyň esaslanýan ýörelgelerine pugta eýerýändiginiň aýdyň güwäsidir.

     Döwlet maşgaladan başlanýar. Her bir maşgalanyň üstünlikleri we ýetmezçilikleri, olary goldamagyň, kemçilikleri düzetmegiň ýollary, ilkinji nobatda, degişli çäkde saýlanylan halk wekillerine mälim ýagdaýdyr. Şu nukdaýnazardan her bir maşgaladan başlap, tutuş jemgyýetde jebisligi berkitmekde, raýatlaryň başarnyklaryny il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirmekde we döwlet bähbitli işlerde jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda, hukuklaryny, borçlaryny bilmeklerini, doly hem-de takyk berjaý etmeklerini gazanmakda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna, ýerli halk maslahatlarynyň agzalaryna, ge­ňeş agzalaryna möhüm orun degişlidir. Jemgyýetde tertip-düzgüni, ýokary raýat jogapkärçiligini we syýasy sowatlylygy üpjün etmekdäki ähmiýetine ünsi çekeniň­de, Gahryman Arkadagymyzyň saýlawly edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, saýlanan wekilleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini gazanmak maksady bilen öň­de goýan wezipeleriniň halkymyzyň abadan durmuşyny, röwşen geljegini nazarlaýan il-ýurt bähbitli işlere gönükdirilendigine göz ýetirýärsiň.

     Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň durmuş abadançylygy babatda bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.